Sepleriň elýeterliligi

Yrak ‘Al-Jazeera’ telekanalynyň edarasyny ýapdy


"Al-Jazeera" telekanalynyň Nýu-Ýorkyň Manhatton sebitindäki edarasy.

"Al-Jazeera" telekanalynyň Nýu-Ýorkyň Manhatton sebitindäki edarasy.

Yragyň häkimiýetleri düýbi Katarda ýerleşýän “Al-Jazeera” telewideniýe ulgamyny ýurtda “mezhebara ýowuzlygy” öjükdirmekde aýyplap, onuň Bagdatdaky edarasyny ýapdylar.

Yragyň Aragatnaşyk we media komissiýasy “Al-Jazeera” ulgamyna hat ugradyp, özüniň 24-nji martda kabul eden kararyna laýyklykda edaranyň lisenziýasyny, ýagny iş ygtyýarnamasyny ýatyrýandygyny we onuň Bagdatdaky ofisini bir ýyl möhlet bilen ýapýandygyny mälim etdi.

28-nji aprelde “Al-Jazeera” telewideniýesi bu aýyplamalary ret edip, özüniň düzgünleri bozmandygyny we professional hem-de obýektiw mazmunly maglumatlary neşir edendigini aýtdy.

Gürrüňi edilýän edara öz maglumatynda Yragyň karary, hökümetiň “söz azatlygyny kepillendirmek baradaky borçnamalaryna” garşy gelýär diýdi.

XS
SM
MD
LG