Sepleriň elýeterliligi

"Her raýata $1000 işsizlik haky berilmeli"


Daşary ýurtda işleýän türkmen migrantlary

Daşary ýurtda işleýän türkmen migrantlary

Azatlyk radiosynyň websaýtynda we sosial ulgamlardaky sahypalarynda Türkmenistandaky iş mümkinçilikleri we şertleri barada açylan foruma goşulyp, pikir-garaýyşlaryny ýazan okyjylaryň aglabasy ýurtdaky «işsizlik problemasyndan» zeýrenýär.

Feýsbukda Gülhumar Kadyrowa Kök diýen at bilen teswir galdyran okyjymyz «Alla razy bolsun, super iş, öýde paraýy, ýagny puly goýar ýaly ýer galmady» diýip, «sizi iş mümkinçilikleri we şertleri kanagatlandyrýarmy?» diýip berlen soraga kinaýaly jogap galdyrypdyr.

Leýla Kinaý atly okyjymyz ýurtda iş mümkinçilikleri barada berlen soraga «nämäň işi, her kim ýurt daşynda» diýip, gysga jogap beripdir.
Nergiz Nergiz «meniňçe-de, ýakynda her kes kendi ülkesinden, ýagny öz ýurdundan gaçjak» diýen pikiri öňe sürýär.

Feýsbukda pikirini ýazan nebitdagly okyjymyz Hekim Hajyýew ýurtdaky iş problemasyny hökümet işgärleriniň «durmuş pozisiýasy» bilen baglanyşdyrýar:

«Kanagatlandyryp, halkymyza şatlyk getirjek zatlar barada alada edýän hökümet işgärlerine gabat gelmek mümkin däl. Hökümet öz aladasy bilen, halkymyz öz güzerany bilen ýaşaýar. Hökümetiň kalbynda raýatlara orun ýok, raýatlaryñ kalbynda hökümet işgärlerine orun ýok» diýip, Hekim Hajyýew özüçe netije çykarýar.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan raýatlaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda soňky iki onýyllykda has köpelendigi aýdylýan işsizlik, oba hojalygynda bolmanda sowet döwründäki ýaly gazanç etmek mümkinçiliginiň hem bolmazlygy welaýatlarda ýaşaýan adamlaryň köpçülikleýin paýtagta ýykgyn etmegine sebäp boldy.

Emma soňky döwürde häkimiýetler welaýatlardan gelýän awtoulaglar, şol sanda Aşgabatda we onuň töwereginde kireýine jaý alyp ýaşaýan migrant işçiler babatda hem bir topar çäklendirme girizdiler.

Resmi habarlardan belli bolşuna görä, prezident Berdimuhamedowyň içeri işler ministrliginden we Aşgabat şäher häkimliginden berk talap etmegi netijesinde, sowet döwründen gelýän propiska düzgüni has berkidilip, indi kireýine ýaşaýanlar hem wagtlaýyn ýazga geçirilmeli edildi.

Özüne Garamaýak diýip at beren okyjymyz öz teswirinde şu ýagdaýa ünsi çekmäge çalşypdyr:

«Propiskasyz işe alanoklar! Wagtlaýyn ýazgy berenoklar! Patentsiz kireýine jaý berenoklar! Jaýlar gymmat!» Garamaýak bu sözlerinden soň «men näme etmeli?» diýip soraýar.

Azatlyk radiosynyň websaýtynda MMM diýen lakam bilen teswir galdyran okyjymyzyň tassyklamagyna görä, SSSR darganyndan soň «Türkmenistanda hiç iş ýok» we diňe bir türkmen gowy gazanç edýär.

Okyjylarymyzyň arasynda iňlis, rus dillerinde iş we iş haky, sosial goldaw barada çykýan habarlara salgylanyp, öz pikirlerini aýtmaga çalyşýanlary-da bar. Olaryň biri, «Donald Trump» lakamy bilen, Nýu-Ýorkuň we Kaliforniýanyň ýolbaşçylarynyň bu iki ştatda her sagada berilýän iş hakynyň iň az möçberini 15 dollara galdyrmak barada kanun proýektine gol çekendigini habar berýär.

Başga bir okyjymyz bolsa (Finlandiýa modeli), her bir uly adama aýda, başga girdejilerine garamazdan we salgyt salmazdan, 550 ýewro tölemek babatdaky fin modeline ünsi çekýär:

«Eger bu model girizilse, finler beýleki sosial posobiýalardan we töleglerden ýüz öwürmeli bolarlar. Häzir Finlandiýada ortaça berilýän sosial töleg 600 ýewro töweregi» diýip, okyjymyz ýazýar. Şeýle-de ol, ýurduň sosial ätiýaçlandyryş guramasynyň geçiren pikir öwrenmesine salgylanyp, finleriň aýda iki esse kän, ýagny 1000 ýewro sosial goldaw almak isleýändigini aýdýar.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň öňki prezident S.Nyýazow tarapyndan ýatyrylan we azaldylan pensiýa, kömek pullaryny dikeltdi, şeýle-de ol hökümet maslahatlarynda iş orunlaryny köpeltmek, gysga wagtlyk hünär mekdeplerini açmak meselelerini gozgady.

Emma soňky döwürde, global energiýa nyrhlarynyň peselmegi, dünýädäki we Orsýetdäki ykdysady kynçylyklar bilen bagly, türkmen lideri çişirilen iş ýerlerini azaltmak, önki girizilen ýeňillikleriň «bazara geçmekde kynçylyk döredýändigi» barada gürrüň edýär.

Şol bir wagtda Türkmenistanda işsizleriň umumy sany, işleýänleriň alýan aýlyklaryna we hojalyk býujetine inflýasiýanyň ýetirýän anyk täsiri barada doly maglumatlar çap edilmeýär.

Bu ýagdaýda türkmenistanlylaryň işsizlik ýagdaýyndaky sosial goragy üçin ortaça maşgala näçeräk serişdäniň gerek boljagyny aýtmak kyn. Ýöne, eger-de Sobez atly okyjymyzyň galdyran teswirinden çen tutulsa, «her bir raýata 1000 dollar işsizlik haky berilmeli». Şeýle-de ol “her bir doglan çaga üçin aýda, 18 ýaşaýança 400 dollar berilsin», «minimal aýlyk haky girizilsin: sagadyna 10 dollar» diýip ýazýar.

Elbetde, bular Azatlyk radiosynyň okyjylarynyň pikirleri we olar bilen çekişmek, pikir goşmak ýa aýyrmak üçin saýtymyza, sosial ulgamlardaky sahypalarymyza çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG