Sepleriň elýeterliligi

Dubaý: Türkmen zenanyny öldüren boşadylmagyny soraýar


Dubaý

Dubaý

Türkmenistanly bir aýaly ogurlamakda we öldürmekde aýyplanan Özbegistanyň raýaty Dubaýyň sudundan özüniň möhletinden öň boşadylmagyny sorap ýüz tutdy diýlip, ýaňy-ýakynda peýda bolan media maglumatlarynda aýdylýar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň “The National” neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň raýatyny öldüreni üçin ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen Özbegistanyň 59 ýaşly raýaty özüni tussaglykda gowy alyp barandygy üçin, Dubaý emirliginiň sudundan özüniň möhletinden öň boşadylmagyny sorady.

Maglumatda aýdylyşyna görä, 40 ýaşly bir türkmenistanly Özbegistanyň bu raýatyny 2001-nji ýylda 24 ýaşly başga bir türkmenistanlyny ogurlap, öldürmegi üçin hakyna tutupdyr. Berilýän habara görä, gürrüňi edilýän türkmenistanly ýatlanylýan aýaly şol ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap Emirliklerine ten satdyrmak üçin eltipdir we soňra-da ony öldürtmek üçin bir özbegistanlyny 300 dollara hakyna tutupdyr.

Agzalýan bu ganly jenaýata gatnaşygy bolanlaryň atlary agzalmaýar.

Wakanyň jikme-jik mazmuny

15 ýyl mundan öň bolan jenaýatçylyk baradaky habarda, suduň maglumatlaryna salgylanyp habar berlişine görä, ýaş zenany öldürmek üçin hakyna adam tutan Türkmenistanyň raýaty şol döwürde aýallaryň ten satmagyny gurnamak bilen meşgullanypdyr. Öldürilen zenan onuň golastynda bir aý işländen soň gaçmagy we öz jorasynyň ýanynda gizlenmegi başarypdyr.

Hakyna tutulan özbegistanly ol aýalyň gizlenen ýerini anyklap, ony ogurlamaga synanyşanda, boýnuny döwüpdir we jaýyň ýedinji gatyndan ýere zyňyp, ony, hamana öz janyna kast eden ýaly edip görkezmek isläpdir.

Bu wakadan soň Özbegistanyň we Türkmenistanyň raýatlary, şeýle-de ol aýalyň gizlenen öýüniň eýesi tussag edilip, olaryň üçüsine bilkastlaýyn adam öldürmekde aýyplama bildirildi, olar adam ogurlamakda, Türkmenistanyň raýaty bolsa, munuň üssesine, priton, ýagny jelephana gurnamakda aýyplandy diýilýär. Öldürilen aýalyň garşysyna bildirilen aýyplamalar ölenden soňra aradan aýrylypdyr.

Maglumata görä, 2002-nji ýylyň fewral aýynda Dubaý emirliginiň jenaýat sudy agzalýan erkek adamlary ähli aýyplamalar boýunça günäli tapyp, ömürlik tussaglyga höküm edipdir.

Bu jenaýaty amala aşyran Özbegistanyň raýaty şu ýylyň 28-nji aprelinde, tussaglykda özüni gowy alyp barandygy üçin, möhletinden öň boşadylmagyny sorap, suda arza bilen ýüz tutdy.

“The National” neşiriniň maglumatyna görä, sud bu arza 19-njy maýda sereder.

Habar berilýän bu waka barada resmi maglumat alyp bolmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG