Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Atyşyklary bes etmek geleşigini güýçlendirilmeli


Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasy Wadim Prystaiko.
Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasy Wadim Prystaiko.

Ukrainanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine aýtmagyna görä, iki ýyl bäri barýan konflikte syýasy çözgüt tapjak bolsaň, ilki bilen ýurduň gündogarynda separatistler bilen atyşyklary bes etmek geleşigi güýçlendirilmeli.

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wadim Prystaiko, prawoslawlaryň şu hepdäniň ahyrynda bellenjek pasha baýramçylygynyň soňky aýlarda artan zorlukly hereketlerden soň, atyşyklary bes etmek ylalaşygyny güýçlendirmäge bir pursat bolmagy mümkin diýýär.

Prystaiko 28-nji aprelde Birleşen Milletleriň Geňeşinde eden çykyşynda: "Eger biz şundan başlap bilsek, ondan soňra ýaragly güýçleri yza çekmek, beýleki problemalary çözmek bilen syýasy çözgüde tarap ilerläp bileris" diýdi.

Bu Geňeşiň Ukraina barada öten dekabr aýyndan bäri geçiren ilkinji duşuşygydyr. Gündogar Donetsk regionynda atyşyklary bes etmek düzgüniniň bozulmagyna degişli bu duşuşyk, Ukrainanyň haýyşy boýunça, ýola goýuldy. Regionda ýagdaýa gözegçilik edýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy gazaply hereketleriň soňky birnäçe hepdelikde aladalandyryjy derejä ýetendigini aýdýar.

Prystaiko ret etdi

Duşuşykda Ukraina özüniň, separatistleri harby goldaw bilen üpjün edýär diýip, Orsýete bildirýän aýyplamasy hakda jikme-jik maglumat berdi.

"Orsýet Donbasda 34 müň adamlyk güýji harby taýdan gurnap, işe çekdi. Bu Orsýetiň regulýar goşuny bilen çet ýurtly we ýerli militantlary öz içine alýar" diýip, Prystaiko aýtdy.

Onuň bellemegine görä, bu agyr ýaragly bikanun harby birikmä baştutanlyk we kontrollyk edýänler Orsýetiň generallary we harby ofiserleri.

Prystaiko Orsýetiň separatistler öz ulanýan ýaraglaryny ýerli dükanlardan satyn alýar diýýänini, dükanlardan aňsatlyk bilen bir pyçak satyn alyp bolanok, raketa nädip aljak diýip, ret etdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Fransiýa we Britaniýa Ukrainanyň aýdýanlaryny goldap, konfliktiň turmagynda Orsýetiň agressiw hereketlerini günäkärlediler.

“Aýdylýan gürrüňler köp...”

"Bu gün bolýan zatlar Orsýetiň Ukrainanyň özygtyýarlygyny we topragynyň bütewüligini bozmagynyň netijeleri. Bu iş iki ýyl mundan ozal Krymyň basylyp alynmagy bilen başlanyp, gündogar Ukrainda ýaragly separatistleri harby we ýarag kömekleri bilen üpjün etmegi öz içine aldy" diýip, Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Samanta Power aýtdy.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin hem gaýtargy berip, ukrain krizisine sebäp bolanyň "daşardan berlen goldaw bilen bolan döwlet agdarylyşygydyny" tekrarlap, galyberse-de, konfliktiň esasy gözbaşynyň "Krymyň Orsýete birikdirilmegidigini" inkär etdi.

Çurkin şeýle-de: "Tutuş krizisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy propaganda platformasy edilip ulanyldy. Aýdylýan gürrüňler köp, ýöne Minsk geleşiginiň ýerine ýetirilmegi hakda welin belli bir plan ýok" diýdi.

Ol özüniň atyşyklary bes etmegiň hepdäniň ahyryndaky baýramçylykda dowam etjekdigini umyt edýändigini aýdyp: "Pasha bizi, Orsýet bilen Ukrainany birikdirýän zat bolmagyny dowam etdirýär" diýdi.

Minsk ylalaşygynda bellenen parahatçylyk tagallalaryny pugtalandyrmak maksady bilen Fransiýanyň, Germaniýanyň, Ukrainanyň we Orsýetiň daşary işler ministrleriniň maý aýynyň başlarynda duşuşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG