Sepleriň elýeterliligi

'Ýollar we köprüler' üçin häkimler täzelendi


Lebapda bir köpri

Lebapda bir köpri

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň Ahal welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan göçme mejlisinde, "düýpli kemçilikleriň goýberilendigini" aýdyp, nobatdaky kadr çalşygyny geçirdi.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, prezident ilki nobatdaky hökümet maslahatyny geçirip, «döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere» we «möhüm resminamalaryň käbirine garady» we ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça «birnäçe anyk tabşyryklary» berdi.

Ahal welaýatynda geçirilen göçme mejlise, döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, möhüm meseleleri at-abraýly ildeşler bilen «aç-açan ara alyp maslahatlaşmak üçin» Ahal welaýatynyň ähli şäher-etraplarynyň wekilleri çagyrylypdyr.

Emma muňa garamazdan, resmi habarda prezidentiň umumy öwgi-tankydyndan we täze işe bellenen resmileriň «jan aýaman zähmet çekjekdikleri» baradaky ynandyrmalaryndan başga aç-açanlyk görünmeýär.

«Biziň garaşsyz döwletmiz indi 25 ýyl bäri öz saýlap alan ýoly bilen öňe barýar» diýip, prezident Berdimuhamedow öz çykyşynyň başynda çärýek asyr wagt içinde durmuşyň ähli ugurlarynda «belent sepgitlere ýetilendigini we uly üstünlikleriň gazanylandygyny» nygtady.

Prezident garaşsyzlyk ýyllarynda Ahal welaýatynda hem uly üstünlikleriň «gazanylandygyny», welaýatyň ykdysadyýetiniň «ösendigini» belledi. Ýöne ol welaýatda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen bagly «köp sanly kemçilikleriň bardygyny» hem boýun aldy.

Prokuror derňewleri

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň baş prokurory A.Hallyýewiň, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjowyň mejlisde beren hasabatlarynda welaýatda «ýüze çykarylan kemçilikler» barada habar berlipdir.

Emma bu kemçilikleriň real sebäpleri we geljekde nähili düzedilmelidigi barada anyk bir zat aýdylman, Ak budaý etrabyndaky gurluşyk işleriniň «depgininiň pesdigi, ýollaryň ýagdaýyna seredilmeýändigi» üçin, etrap häkiminiň işden boşadylandygy habar berilýär.

«Altyn asyr» etrabynyň häkimi bolsa etrapda «maýa goýumlarynyň ýaramaz özleşdirilýändigi», «ilatyň elektrik energiýasy, arassa agyz suwy, aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjünçiliginiň» gowşakdygy üçin işden boşadyldy. Kaka, Saragt, Tejen etraplarynyň häkimleri, Tejen şäheriniň häkimi hem «işde goýberen kemçilikleri» üçin wezipesinden boşadyldy.

Baharly etrabynyň «düýpli kemçilikleri» üçin wezipesinden boşadylan häkiminiň ornuna «düýpli kemçilikleri» üçin Ahal welaýatynyň häkimliginden boşadylan A.Ýazmyradow bellenildi.

Köp möçberde serişde goýberilse-de...

Prezident Berdimuhamedow mejlisde Ýazmyradowa ýüzlenip, «welaýaty ösdürmäge köp möçberde serişde goýberilýändigini» aýtdy we «muňa garamazdan, welaýat oba milli maksatnamasy we kabul edilen beýleki maksatnamalar näme üçin ýaramaz ýerine ýetirilýär?» diýip sorady.

Emma habarda Ýazmyradowyň bu soraga nähili jogap berendigi aýdylmaýar.

«Ýazmyradow, seni oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde yzda barýan Baharly etrabynyň häkimi wezipesine belleýärin» diýip, prezident Ýazmyradowyň öňünde Baharly etrabyny iň bir göreldeli etraba öwürmegi şert edip goýdy. Eger bu işi başarmasa, oňa «başga çäre görüljegi» duýduryldy.

Prezident Ahal welaýatynda has amatly ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýollaryň we köprüleriň gurluşygynyň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, täze bellenjek ýolbaşçylaryň bu işleri gysga wagtda düzetmek üçin «yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidigini» belledi.

Ahal welaýatynda geçirilen göçme mejlisde Gökdepe etrabynyň häkimi hem duýduryş aldy, oňa «ýol beren kemçilikleri üçin berk käýinç» berildi.

Prezident Berdimuhamedow täze ýolbaşçylary wezipä bellände welaýat, şäher we etrap ýolbaşçylarynyň kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginde «gönüden-göni jogapkärçilik çekýändiklerini we alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada kanun esasynda jogap berýändiklerini» hem ýatlatdy.

Şol bir wagtda habarda işden aýrylan häkimleriň goýberendigi aýdylýan "düýpli kemçilikleri" üçin kanun jogapkärçiligine çekiljekdigi ýa çekilmejekdigi, prokuratura derňewleriniň baran ýeri barada hiç bir zat aýdylmaýar.

​Mejlisde Ahal welaýatynyň iki etrabynyň ýatyrylyp (Derweze we Babadaýhan), başga etraplara – Ak bugdaý, Gökdepe we Tejen etraplaryna birikdirilýändigi aýdyldy.

Ministrler kabinetiniň şuňa meňzeş indiki göçme mejlisi biraz wagtdan Balkan welaýatynda geçirilip, ýerli häkimleriň "oba maksatnamasy" diýilýän boýunça hasabatlary diňleniler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG