Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Saud Arabystanyna sapar eder


Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-3-nji maýy aralygynda, hökümet delegasiýasynyň baştutanlygynda, Saud Arabystany patyşalygyna resmi sapar eder.

Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde bu sapara görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Sapar mahalynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, şol sanda strategik energiýa ulgamynda, gurluşyk serişdeleri senagatynda, dokma senagatynda we ulag ulgamynda täze taslamalary durmuşa geçirmek barada maslahat ediljekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG