Sepleriň elýeterliligi

Eýran saýlawlarynda reformaçylar saýlanýar


Eýranly saýlawçylar

Eýranly saýlawçylar

Deslapky netijeler Eýranyň parlament saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda reformaçylar bilen aram syýasatçylaryň öňde barýandygyny görkezýär. Bu barada 30-njy aprelde, Eýranyň metbugatynda habar berildi.

29-njy aprelde geçirilen ses berişlikde parlamentiň 290 ornunyň 68 deputatynyň ýeri ugrunda göreş gidýär.

«Fars» habarlar gullugy deslapky netijelere salgylanyp, azyndan 33 ornuň Umyt sanawyna, prezident Hassan Rohani bilen ýaranlykdaky aramlar koalisiýasyna gidendigini ýazdy.

Konserwatiwler 21 orny aldylar, 14 ornuň bolsa garaşsyzlara gidendigi aýdylýar diýip, habar gulluklary ýazdy.

Saýlawlaryň resmi netijeleriniň 30-njy aprelde, giçlik aýdylmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG