Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdat partlamasynda 19 adam öldi


 Basrada partlan ulag bombasy, 4-nji aprel, 2016
Basrada partlan ulag bombasy, 4-nji aprel, 2016

30-njy aprelde Bagdadyň günorta-gündogar çetinde asuda ilaty nyşana alan ulag bombasy azyndan 19 adamy öldürip, 40-dan gowrak adamy ýaralady diýip, polisiýa aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» ekstremist topary öz boýnuna aldy. Partlama Nahrawan ýoly töwereginde, şaýy zyýaratçylarynyň Bagdadyň Kadhimiýa zyýarathanasyna ýyllyk ybadat üçin pyýada gidýän ýerinde boldy.

YD-nyň internet beýanatynda we ilki çykan habarlarda nyşananyň şaýy zyýaratçylary bolandygy aýdyldy.

Emma muňa garamazdan, Yragyň Içeri işler ministrligi hüjümde şol ýerdäki açyk bazaryň mähellesiniň, gök önüm we et satýanlaryň we alýanlaryň nyşana alnandygyny aýtdy.

30-njy aprelde bolan başga bir hadysada, Bagdadyň Dora etrabyndaky şaýy barlag nokadynda iki adam öldürildi diýip, polisiýa çeşmeleri aýtdy.

XS
SM
MD
LG