Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon: Hassahananyň urulmagy uruş jenaýaty däl


Gunduz hassahanasy
Gunduz hassahanasy

Birleşen Ştatlaryň ýaragly güýçleri oktýabr aýynda owgan hassahanasyna ýalňyşlyk netijesinde urlan we 42 adamy öldüren howa zarbasynyň uruş jenaýatçylygy däldigini, tribunala çekilmedigem bolsalar, ýörite güýçleriň 16 esgerine tertip-düzgün çäresiniň görlendigini aýtdy.

Gunduz şäherinde, halkara sahawat guramasy bolan «Serhetsiz lukmanlar» tarapyndan işledilýän hassahana urlan howa zarbasy giň gahar-gazap döretdi we bu iş boýunça garaşsyz derňew geçirilmegine çagyryş edildi.

Emma Goranmak departamenti bu çagyryşlary ret edip, öz derňewini geçirdi. ABŞ-nyň goşun generaly Joseph L. Voteliň 29-njy aprelde Pentagonda yglan eden netijelerine görä, bu betbagtçylykly hadysa adam ýalňyşlyklary bilen enjam näsazlyklarynyň netijesinde bolupdyr.

Tertip-düzgüne çagyrylan esgerlere, käýinç hatlary we komandadan çetleşdirilmek aralygynda, dürli derejelerde temmi berildi.

«Serhetsiz lukmanlar» guramasy 2015-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda bu hadysanyň uruş jenaýaty diýlip hasaplanylmagyna we jogapkär esgerleriň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegine çagyrdy.

XS
SM
MD
LG