Sepleriň elýeterliligi

Täjik çagalaryna "ow", "owa" gadagan edilýär


Täjik prezidenti Emomali Rahmon

Täjik prezidenti Emomali Rahmon

Täjik häkimiýetleri etniki täjik çagalaryna berilýän dogluş şahadatnamalaryna ruslaşdyrylan familiýalaryň ýazylmagyna gadaganlyk girizdi.

Täjigistanyň raýatlaryny hasaba alýan gullugyň başlygynyň orunbasary 29-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna täze karary prezident Emomali Rahmonyň mart aýynda tassyklandygyny aýtdy.

Täze kanuna laýyklykda, etniki täjik çagalarynyň familiýalaryna sowet zamanynda ulanylan «ow» we «owa» goşulmalary goşulman, öňden adat bolan "i", "zod", "zoda", "iyon", "far" ýa-da "pur" goşular.

Ozal dokumentlerinde ruslaşdyrylan familiýa alan raýatlar, eger isleseler, şonlugyna galyp bilerler. Täze kanun etniki täjik bolmadyk çagalara degişli däl.

XS
SM
MD
LG