Sepleriň elýeterliligi

Gazak aktiwistleri 'er üstünde' tutuldy


Gazak protestçileri

Gazak protestçileri

Almaty polisiýasy 29-njy aprelde ondan gowrak aktiwisti, şol sanda tanymal žurnalistleri we hukuk goraýjylary tussag etdi.

Häkimiýetler aktiwistleri metbugat ýygnagyny geçirip, jemgyýetçiligi hökümetiň döwlet eýeçiligindäki ýerleriň uly bölegini hususy eýeçilige bermek baradaky kararyny maslahatlaşmaga çagyrmaga taýýarlanýan wagtlarynda tutdy.

28-nji aprelde Gazagystanyň Aktau şäherinde şäher merkezine toplanan onlarça protestçi dargadyldy. Olar hökümetiň 1-nji iýuldan başlap, jemgyýetçilik ýerlerini auksionda hususy adamlara satmak planyna garşy protest bildirýärdiler.

24-nji aprelden bäri ýurduň Aturau, Aktobe, Semeý şäherlerinde hem, daşary ýurtlulara ýer satyn almaga rugsat beriljekmiş diýen gürrüňler bilen bagly, protestler guraldy. Hökümet daşary ýurtlularyň ýeri diňe kärendesine alyp bilýändigini aýdýar.

Gazagystanyň baş prokurory 28-nji aprelde «ýeri hususylaşdyrmak barada galp maglumat ýaýratmagyň» jenaýatdygyny duýdurdy.

XS
SM
MD
LG