Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanlylar 5-nji maýda dynç alar


Aşgabat, awtobus duralgasy

Aşgabat, awtobus duralgasy

Türkmenistanda 5-nji maý iş güni bolmaz, prezident G.Berdimuhamedow bu baradaky karara 29-njy aprelde, anna güni gol çekdi.

5-nji maý Türkmenistanda «Saglyk we bagt» aýynyň soňky güni bolup, şol gün agşamlyk, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziadynyň başlanmagyna göni 500 galanda, atly ýöriş başlanar.

Medeniýet pudagyna gözegçilik edýän wise-permýer Gülşat Mämmedowa hökümet maslahatynda bu ýörişiň köpçülikleýin halk gezelençleri bilen utgaşdyryljakdygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG