Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abadi: Ýaşyl zona kontrol astynda


Yrak protestçileri Ýaşyl zona zabt etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:02 0:00

Yrak protestçileri Ýaşyl zona zabt etdi

Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi Bagdadyň Ýaşyl zonasyndaky ýagdaý kontrol astynda diýýär. Ýagny protetçileriň zabt eden we ele geçiren zonasy «howpsuzlyk güýçleriniň gözegçiligi astynda».

Abadi 30-njy aprel güni giçlik demonstrasiýaçylary parahat protest bildirmäge hem-de «döwlet edaralarynyň emlägini zaýalamazlyga» çagyrýan beýanat çap etdi.

1-nji maý güni irden protestçileriň köpüsi parlament binasyny terk etmäge başlady, emma çadyr gurup, binanyň golaýynda galmaga taýýarlyk görýänler hem bar.

Şaýy ruhanysy Muktada al-Sadryň ýüzlerçe goldawçysy 30-njy aprel güni irden Ýaşyl zona zabt etdi, olaryň bir bölegi parlament binasyny we golaýdaky hökümet edaralarynyň jaýlaryny eýeledi.

Howpsuzlyk güýçleri göz ýaşardyjy gaz ulandylar, duýduryş oklaryny atdylar, emma agressiw demonstrantlaryň Ýaşyl zona, parlament we hökümet edaralarynyň ýerleşen ýerine tarap süýşmesiniň öňüni alyp bilmediler.

Bu zabt ediş kanun çykaryjylar hökümeti reforma etmegi sese goýmakdan ýüz öwrenlerinden soň bolup geçdi. Käbir telewideniýe habarlarynda protestçileriň parlament binasyndaky mebelleri döwýän purtasy görkezildi.

Beýlekiler bolsa, yrak baýdagyny galgadyp, «parahatçylykly, parahatçylykly» diýip gygyrşýardylar.

Yragyň brigada generaly Saad Mann, ýaragly güýçleriň sözçüsi, «Yragyň howpsuzlyk güýçleri Bagdatda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi» diýdi.

Parlament binasynyň basylyp alynmagy görlüp-eşidilmedik howp-hatar çägidi, ýogsam bolmanda Ýaşyl zona köplenç, ABŞ güýçleri Yragyň diktatory Saddam Hüseýini agdaraly bäri, ýylyň dürli wagtlarynda, minomýot okuna hem tutulypdy.

Yragyň howpsuzlyk güýçleri ilçihanalary, hökümet binalaryny we şol töwerekdäki beýleki wajyp desgalary goramaga iberildi. Howpsuzlyk güýçleri protestçileriň parlament binasyna girmeginiň öňüni almaga synanyşmadylar.

Goşunlar, has köp protestçiniň gelmeginiň öňüni almak üçin, şäher merkezine gelýän ýollary petiklediler.

Sadr Najafdan eden telewizion ýüzlenmesinde jemgyýetçilik durmuşyndan iki aýlap çekilýändigini, özüniň «korrupsiýanyň ýörişini togtatmak üçin uly halk gozgalaňyna we esasy rewolýusiýa garaşýandygyny» aýtdy.

Ýerli telewideniýe Abadiniň, howpsuz bir ýere gaçandygy barada çykan habarlary ýalana çykarmak üçin, howpsuzlyk goragçylar bilen zonanyň içinde gezişini görkezdi.

BMG bu protestler barada «çuňňur aladasyny» bildirdi. BMG-niň Yrakdaky kömek missiýasy hem Ýaşyl zonada ýerleşýär.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini protestleri tankytlap, olaryň eýýämden dartgynly ýagdaýy has-da ýitileşderimek töwekgelligine baş goşýandyklaryny aýtdy.

Sadryň goldawçylary birnäçe hepde bäri Abadiniň hökümetine wada beren reformalaryny durmuşa geçirmek barada basyş görkezýärler. Emma muňa garamazdan, käbir parlament partiýalary Abadiniň käbir resmileri çalşyrmak tagallalaryna garşy durýarlar.

Birnäçe ilçihana, şol sanda Amerikan ilçihanasy Ýaşyl zonada ýerleşýär. Emma ABŞ resmisi Bagdatdaky binanyň ewakuasiýa edilmeýändigini aýtdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG