Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Türkmen şäheri halas edilýär


Yrak, Başir söweşi

Yrak, Başir söweşi

Yragyň harby güýçleri etniki türkmenleriň agdyklyk edýän Başir şäherini «Yslam döwleti» toparyndan yzyna almak ugrundaky jemleýji söweşiň üstünlikli bolandygyny aýdýar.

Kürt resmileri 30-njy aprelde kürt peşmergesiniň we şaýy milisiýasynyň, amerikan güýçleriniň urýan howa zarbalarynyň goldawynda, Yragyň demirgazygyndaky Başir şäherini ilki gabap, soň onuň içine girendiklerini aýtdylar.

"Başir obasy 80 prosent gabaldy we häzir onuň içi arassalanýar» diýip, Kürdistan regionynyň howpsuzlyk geňeşi sosial ulgamda habar berdi.

Yrak güýçleri bilen YD söweşijileriniň köçe söweşleri hakynda hem habar berildi. Yragyň şaýy Haşed al-Şabi milisiýa toparynyň hatarynda, Başir şäherine edilen hüjüme türkmen bölümleri hem gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG