Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abadi zabt edijilere çäre görmegi buýurdy


Haider al-Abadi
Haider al-Abadi

Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi 30-njy aprelde Bagdadyň Ýaşyl zonasyna urup girip, kanun çykaryjylara, howpsuzlyk güýçlerine hüjüm eden, döwlet emlägini zaýalan adamlary jogapkärçilige çekmegi buýurdy.

Bu zabt ediş kanun çykaryjylar hökümet reformasyny sese goýmakdan ýüz öwrenlerinden soň bolup geçdi.

Käbir telewideniýe habarlarynda protestçileriň parlament binasyndaky mebelleri zaýalaýyşlary görkezildi.

Parlament binasynyň basylyp alynmagy görlüp-eşidilmedik howp çägidi, ýogsam bolmanda Ýaşyl zona köplenç, ABŞ güýçleri Yragyň diktatory Saddam Hüseýini agadaraly bäri, ýylyň dürli wagtlarynda, minomýot okuna hem tutulypdy.

XS
SM
MD
LG