Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti Saud Arabystanyna sapar edýär


Gurbanguly Berdimuhamedow

Gurbanguly Berdimuhamedow

1-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany patyşalygyna resmi sapary başlanýar diýip, türkmen telewideniýesi şenbe güni habar berdi.

Iki ýurduň resmileriniň ýokary derejeli duşuşyklarynda syýasy, söwda, ykdysady we medeni ynsanperwer ulgamlarda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar diýip, resmi habarda aýdylýar.

3-nji maýa çenli dowam etjek saparda söwda-ykdysady we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns beriljekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG