Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Ukrainada bir ukrain esgeri öldürildi, ýene birnäçesi bolsa ýaralandy diýip, ukrain hökümeti 1-nji maýda aýtdy.

Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler we Kiýew güýçleri Prawoslaw Pasha baýramynda we Maý baýramçylyklarynda ýaraşyk düzgünlerine eýermek barada ylalaşyga gelipdiler.

Bu ýaraşyk 30-njy aprelde, ýarygijede güýje girýärdi. Ukrainanyň gündogardaky operasiýalarynyň sözçüsi Oleksandr Motuzýanik separatistleriň öten agşam goşun pozisiýalaryny we Donetskiniň eteklerini birnäçe gezek topa tutandyklaryny aýtdy.

Separatistleriň wagyzçysy bolan “Donetsk» habar agentligi hökümet güýçleriniň ýarygijä çenli top atandyklaryny habar berdi.

Iki ýyllyk uruş mahalynda 9300-den gowrak adam öldürildi we taraplar ýaraşygy bozmakda bir-biregi günäleýärler.

XS
SM
MD
LG