Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Smartfonlar ösümlikden energiýa alar


"Bioo Lite" diýlip atlandyrylýan enjam.
"Bioo Lite" diýlip atlandyrylýan enjam.

Ösümlikden elektrik energiýasy öndürýän ýörite gap taýýarlandy. "Bioo Lite" diýlip atlandyrylýan bu enjam, fotosintezden emele gelen energiýany elektrige öwürýär.

Daşky görnüşi adaty ösümlik saklanýan ýörite gapdan tapawutlanmaýan bu enjam, fotosintez mahaly erkin ýagdaýa öwrülen elektronlary alyp, olary elektrik energiýasyna öwürýär.

Enjam işledilmezden ozal ösümlik saklanýan gaba biraz suw dökülýär. Ondan soň hem şol ýörite gaba toprak guýulyp, ösümlik oturdylýar. Ýörite gabyň daşyndaky USB kabel dakylýan ýer bilen smartfonuň arasynda arabaglanyşyk gurulýar.

Ýörite enjamyň elektrik öndürjiligi adaty USB kabelden alýan energiýasy ýalydyr we bu enjam smartfonuň batareýasyny 8 sagadyň dowamynda elektrik energiýasy bilen doldurmaga ukyplydyr. Tehnologiýa ulgamy el bilen gurnalyp, işledilýändigi üçin ösümlige hiç hili zyýan bermeýär.

Häzirki döwürde oýlanyp tapylan bu enjamy öndürmek üçin "Indiegogo" arkaly maliýe goldawy ýygnalýar. Bu enjamyň önümçiligi üçin 15 müň ýewro ýygnamak göz öňünde tutulýardy. Emma häzirki wagtda ýygnanan maliýe goldawynyň möçberi 50 müň ýewro ýetipdir.

XS
SM
MD
LG