Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Ladeni öldürmek boýunça operasiýanyň maglumatlary ýazgaryldy


ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň müdiriniň edarasynyň ýaýradan wideo şekilli maglumatyndan alnan Osama bin Ladeni şekillendirýän surat.
ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň müdiriniň edarasynyň ýaýradan wideo şekilli maglumatyndan alnan Osama bin Ladeni şekillendirýän surat.

ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugy (CIA) Osma bin Ladeniň öldürilmegi boýunça reýdiň bäşinji ýyl dönümini bellemegi sebäpli 2-nji maýda internet üsti bilen tankyda sezewar edildi. Reýd “edil şu gün bolan ýaly” real wagt şekilinde sahnalaşdyrylyp, internetde görkezildi.

“Al Kaýdanyň” lideri ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleriniň SEAL topary tarapyndan 2011-nji ýylyň 2-nji maýynda Pakistanyň Abbottabad atly ýerindäki baş penasynda daňdan öldürilipdi.

Merkezi aňtaw gullugy operasiýanyň ähli pursatlaryny öz içine alýan maglumatlary we suratlary internetde ýerleşdirdi. Şol sanda Bin Ladeniň gizlenen ýerini, şeýle-de “Al-Kaýdanyň” terrorçy lideriniň ölümi baradaky habaryň Ak Tama gowuşan pursadyny görkezýän suratlary görkezdi.

Tankytçylar ýaýradylan maglumatlara Twitterde we beýleki sosial ulgamlarynda jogap berdiler we olary “çişirilen” hem “masgaraçylykly” diýip atlandyrdylar.

XS
SM
MD
LG