Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abe Putin bilen Kuril adalaryny maslahat eder


Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)
Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe şu hepdede Orsýete sapar edip, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagy hem Moskwa bilen parahatçylyk ugrunda formal ylalaşyga gol çekmegi planlaşdyrýar.

Abeniň 1-nji maýda Ýewropa ýurtlaryna başlan saparynyň öňüsyrasynda žurnalistlere aýtmagyna görä, Tokio Moskwa bilen Kuril adalaryna degişli territorial dawasyny ara alyp maslahat etmek isleýär.

Ýaponiýanyň demirgazyk kenarynda ýerleşýän dört ada Sowet Soýuzy tarapyndan Ikinji Jahan Urşunyň soňky günlerinde basylyp alnypdy.

Iki ýurt urşuň tamamlanmagyndan soň dawaly adalaryň daşynda uzaga çeken gapma-garşylyk sebäpli parahatçylyk ugrundaky ylalaşyga gol çekmändi.

Kreml Abeniň 6-njy maýda Orsýetiň Soçi şäherine barmagynyň planlaşdyrylýandygyny we Putin bilen duşuşygynda söwda hyzmatdaşlygyny we beýleki ykdysady meseleleri, şeýle-de käbir “halkara meselelerini” maslahat etjekdigini aýtdy.

Abe Ýewropa edýän saparynyň çäginde Fransiýa, Belgiýa, Germaniýa we Britaniýa barar.

XS
SM
MD
LG