Sepleriň elýeterliligi

Yrak: "Türkmen" şäheri YD toparynyň elinden alyndy


Yrakly kürtleriň güýçleri ýeňişi dabaralaýarlar, Başir, 1-nji maý, 2016

Yrakly kürtleriň güýçleri ýeňişi dabaralaýarlar, Başir, 1-nji maý, 2016

Yragyň harby güýçleriniň esasan türkmenleriň ýaşaýan Başir şäherini “Yslam döwleti” (YD) toparynyň elinden alandygy habar berildi.

Kürt resmileriniň 1-nji maýda aýtmagyna görä, kürtleriň “Peşmerga” topary we şaýylaryň ýarym harby güýçleri ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň howa zarbalarynyň goldawyna daýanyp, Yragyň demirgazygyndaky şäheri başda gabap, yzýany öz eline geçiripdir.

Kürdüstanyň regional howpsuzlyk geňeşi we türkmenleriň şaýy harbylarynyň ýolbaşçysy YD atly toparyň Başir şäherine mundan beýläk gözegçilik etmeýändigini aýtdylar.

Kürdüstan partiýasynyň patriotik bileleşiginden Asso Mamand 30-njy aprelde golaýdaky ençeme obanyň, şol sanda Albu Mafraj we Mazargaý obalarynyň hem “Yslam döwleti” toparynyň elinden alnandygyny aýtdy.

Yragyň resmileri Başir şäheriniň YD toparynyň söweşijileri tarapyndan mart aýynda Taza şäheriniň golaýynda himiki hüjümleri amala aşyrmak üçin ulanandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG