Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda süýjüden ölenleriň sany 33 adama ýetdi


Süýji satýan dükan, Pakistan

Süýji satýan dükan, Pakistan

Pakistanyň merkezi şäherinde zäherli süýjüleri iýip ölenleriň sany 33 adama ýetdi.

Resmileriň 1-nji maýda aýtmaklaryna görä, 10-dan gowrak adamyň, şol sanda bäş çaganyň Punjab welaýatynyň Karor Lal Esan regionynda geçen hepdede bolan ýagdaýdan soň ölendigini aýtdylar. Ýene 13 adam keselhana düşdi.

Süýji dükanynda tötänden zyýanly serişdeler bilen zäherlenen süýjüler çaganyň dünýä inmegini bellemek üçin geçirilen toýda iýilipdir.

Polisiýanyň derňewçisi Haji Mohammad Ahtar tussag edilen dükanyň eýesiniň we bir işgäriniň 2-nji maýda suda eltilendigini AFP agentligine aýtdy.

Ahtaryň aýtmagyna görä, barlaglar süýjülerde ýer önümçiliginde ulanylýan pestisid serişdeleriniň bardygyny görkezipdir.

Pakistan azyk önümleriniň howpsuzlygy boýunça resmi talaplaryň gowşaklygy bilen tanalýar.

XS
SM
MD
LG