Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ismaýilowa BMG-niň metbugat baýragyna eýe boldy


Hadija Ismaýilowa
Hadija Ismaýilowa

Tussaglykdaky azerbaýjanly žurnalist Hadija Ismaýilowa 3-nji maýda BMG-niň metbugat baýragyna mynasyp boldy.

Azatlyk Radiosy bilen işleşýän derňeýji žurnalist Ismaýilowa bu sylag
onuň agyr şertlerde metbugat azatlygyna goşan goşandy” üçin berildi.

Geçen aýda Ismaýilowa 2016-njy ýyl boýunça UNESCO/Guillermo Cano Dünýä metbugat baýragyna mynasyp boldy.

“Hadija Ismaýilowa baýraga aňryçäk derejede mynasypdyr we men onuň batyrlygynyň we ussatlygynyň ykrar edilendigini görmäge şat”, diýip UNESCO/Guillermo Cano Dünýä metbugat baýragyny gowşurmak boýunça toparyň prezidenti Ljiljana Zurowaç 8-nji aprelde aýtdy.

25 müň amerikan dollary möçberdäki baýrak kolumbiýaly žurnalist Guillermo Cano Isazanyň hatyrasyna esaslandyryldy. Žurnalist 1986-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Bogotada işleýän ýeri “El Espectador” gazetiniň edarasynyň öňünde öldürildi.

Hadija Ismaýilowa Azerbaýjanda puly bisarpa sowmakda we salgytdan gaçmakda aýyplanyp, türme tussaglygynda saklanýar.

Günbatar hökümetleri Ismaýilowa ýöňkelen aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG