Sepleriň elýeterliligi

Kamçatkada dikuçar heläkçiliginiň sebäbi derňelýär


Halas ediji “Robinson-44” dikuçaryň heläk bolan ýerini synlaýar, Kamçatka, 3-nji maý, 2016.

Halas ediji “Robinson-44” dikuçaryň heläk bolan ýerini synlaýar, Kamçatka, 3-nji maý, 2016.

Orsýetiň Derňew komiteti 3-nji maýda Orsýetiň Uzak gündogardaky Kamçatka ýarymadasynda bolan dikuçar heläkçiligi boýunça derňewe başlady.

Heläkçilikde üç adam wepat boldy.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi hususy eýeçilikdäki dört adamlyk “Robinson-44” kysymly dikuçaryň Kamçatka regionynyň paýtagty Petropawlowsk-Kamçatsk şäherinden 80 kilometr uzaklykda heläkçilige uçrady.

Ministrligiň maglumatyna görä, gözleg topary wepat bolan üç adamyň jesetlerini tapypdyr.

Häkimiýetler dikuçaryň amatly howa şertlerinde heläk bolandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG