Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Oppozisiýanyň aklawçysy sud edilýär


Buzurgmehr Ýorow

Buzurgmehr Ýorow

Täjigistanyň “Yslamy gaýtadan dikeldiş” atly oppozision partiýasynyň agzalaryny goran aklawçy galplykda we hilegärlikde aýyplanyp, 3-nji maýda Duşenbede sud edildi.

28-nji sentýabrda tussag edilen Buzurgmehr Ýorow özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

29-njy sentýabrda Täjigistanyň Baş sudy “Yslamy gaýtadan dikeldiş” partiýasyny “ekstremist we terrorist gurama” diýip yglan etdi we oňa gadagançylyk girizdi.

Polisiýa guramanyň 30 sany baş agzalaryny tussag etdi we olara Goranmak ministriniň orunbasary Anduhalim Nazarzoda bilen dildüwşükde bolmagy bilen bagly şübhe bildirdi.

Partiýanyň sürgünlikdäki lideri Muhiddin Kabiri aýyplamalary ret edýär.

Oktýabr aýynda adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch”, “Amnesty International” we ýene ençeme topar täjik resmilerini Ýorowy boşatmaga çagyryp, oňa bildirilýän günäniň syýasy matlaplydygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG