Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Deputat immunitetini gowşadýan kanun kabul edildi


Türkiýäniň parlamenti, Ankara
Türkiýäniň parlamenti, Ankara

Türkiýäniň parlament komiteti deputatlara sud tarapyndan yzarlanmazlyk hukugyny berýän düzgüni ýatyrdy. Bu çäre kürtlere tarapdar oppozisiýanyň deputatlaryna garşy terrorçylyk aýyplamasy esasynda iş gozgamak üçin konstitusiýa goşmaçalaryň girizilmegine ýol açýar.

Komitetiň 2-nji maýda kanuny makullamagynyň öňüsyrasynda kanun çykaryjylaryň arasynda bir-birini ýumruklamak we üstüne suw sepmek ýaly ýagdaýlar döredi.

Kanunyň taslamasy prezident Rejep Taýyip Erdoganyň “Halk demokratik partiýasyny” (HDP) “Kürdüstanyň Işçi partiýasynyň” guraly bolmakda aýyplamagyndan soň düzülipdi.

Erdogan “Halk demokratik partiýasynyň” kanun çykaryjylarynyň yzarlanmalydygyny yzygiderli aýdyp gelýär.

Konstitusiýa goşmaçalary girizmek baradaky kanunyň taslamasynyň makullanmagy üçin Türkiýäniň 550 orunlyk parlamentiniň üçden iki böleginiň goldawy zerur.

XS
SM
MD
LG