Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

UEFA Kosowonyň kabul edilmegine seredýär


Kosowonyň Futbol federasiýasynyň wekilleri Eroll Salihu (ç) we Fadil Wokrri (s), Budapeşt, 3-nji maý, 2016.
Kosowonyň Futbol federasiýasynyň wekilleri Eroll Salihu (ç) we Fadil Wokrri (s), Budapeşt, 3-nji maý, 2016.

Kosowonyň futbol janköýerleri Ýewropanyň futbol boýunça guramasynyň (UEFA) Budapeştde geçirýän duşuşygyna içgin syn edýärler. Duşuşykda Kosowonyň gurama alynmagyna degişli meselä seredilýär.

Ýewropanyň Futbol guramalarynyň bileleşigine agza 54 ýurduň delegatlary 3-nji maýda geçirilýän ýyllyk maslahatynda Kosowonyň UEFA agzalygyna seredýärler.

Kosowonyň agza bolmagy makullanan ýagdaýynda ol 2018-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň kwalifikasion programmasynyň sanawyna goşulyp bilner.

Emma Kosowonyň kabul edilmegine Serbiýanyň garşy çykyş etjegi çak edilýär. Serbiýa Kosowonyň garaşsyzlygyny ykrar etmeýär.

XS
SM
MD
LG