Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan ‘düýpli alada döredýände’ galýar


Aşgabatda Gurban baýramynda doga-dileg edýän ýaşaýjylar.

Aşgabatda Gurban baýramynda doga-dileg edýän ýaşaýjylar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan dünýäde din azatlygy boýunça ýaýradylan ýyllyk hasabatda Türkmenistan düýpli alada döredýän ýurtlaryň arasynda galmagyny dowam etdirýär.

2015-nji ýyla syn edilip, şu gün, ýagny 2-nji maýda çap edilen bu hasabatda aýdylyşyna görä, Türkmenistanda geçen ýyl hem din azatlygyna garşy basyşlar, dini toparlara berk gözegçilik dowam etdirildi, sanawa alynmadyk dini toparlaryň agzalaryna garşy dürli jeza çäreleri görüldi diýilýär.

Raportda aýratynam hökümetiň dini toparlaryň içki işlerine aralaşýandygy mälim edilip, hasaba alnan dini guramalaryň wekilleriniň hem aňtaw gulluklaryna yzygiderli hasabat bermeli bolýandyklary barada maglumatlaryň bardygyna üns çekilýär.

Döwlet departamentiniň hasabatynda, türkmen häkimiýetleriniň 2010-nji ýylda BMG-niň degişli edarasyna beren maglumatyna salgylanylyp, ýurtda 123 sany dini toparyň hasaba alnandygy mälim edilýär.

Gadagançylyklar

Emma şol bir wagtda-da käbir dini toparlaryň, sol sanda protestant dini akymyna degişli käbir toparlaryň we Ýegowanyň şaýatlary ýaly guramalaryň özlerini sanawa aldyrjak bolup eden tagallalarynyň şowsuz gutarandygy tekrarlanýar.

Raportda ýurduň içinde dini neşirleriň çap edilmeginiň gadagandygy we şeýle neşirleriň diňe sanawa alnan dini topar tarapyndan aşa senzura we gözegçilik esasynda import edilmegine rugsat edilýändigi aýdylýar.

Şeýle gadagançylyklaryň Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän dini çärelere gatnaşmak ýa bolmasa dini okuw geçmek üçin daşary ýurtlara gitmek mümkinçilikleriniň çäklendirlişinde hem göze ilýändigi raportda aýdylýar.

Raportda mundan başga-da dini wagyz etmek ýa-da adam hukuklaryny goramak ýaly işlere baş goşýan raýatlara garşy dürli administratiw çäreleriň görülýändigi, şeýle adamlaryň tussag edilen, ýa ýurduň içinde sürgün edilen halatlarynyň bolandygy öňe sürülýär.

Wyždan tussaglary

Wyždan tussaglary diýlip atlandyrylýan şeýle adamlaryň, esasan, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda, çöllükde ýerleşýän Seýdi türmesinde agyr şertlerde saklanýandygy bellenip, raportda türkmen hökümetiniň şol türmä Halkara Gyzyl Haç Komitetine baryp görmäge rugsat etmeýändigi aýdylýar.

Hasabatda aýratynam ABŞ-nyň hökümetine ýüzlenilip, Waşington türkmen hökümetine bu ugurda basyş etmäge, türkmen hökümetini dini guramalara garşy alyp barýan şeýle syýasatyny bes etmäge ündemäge çagyrylýar.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatlarynyň ýurtda hereket edýän adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň wekilleri bilen aragatnaşykda bolmaga, türkmen hökümetiniň şol wyždan ýesirlerini boşatmagy üçin Aşgabada degerli basyş etmäge çagyrylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG