Sepleriň elýeterliligi

Türkmen familiýalary ‘ow’ we ‘owa’-syz ýaşap bilermi?


Türkmen pasporty.

Türkmen pasporty.

“Kimiň [familiýalardaky] “ow” we “owa” goşulmalary ulanasy gelmese, onda ulanmasyn. Men şu günden başlap özümden boljak çagalara milliligimize gabat geljek ady dakmakçy. Goý, bu işiň başyny men çekeýin” – bu Azatlyk Radiosynyň “Familiýalardaky “ow” we “owa” goşulmalaryna nähili garaýarsyňyz?” diýen sorag bilen açan forumyna gelip gowşan teswirleriň biri.

2-nji maýda ”Azathabar.com” websaýtymyzda we sosial ulgamlardaky sahypalarymyzda açan forumymyzda okyjylarymyzyň belli bir bölegi familiýalardaky “ow” we “owa” goşulmalarynyň aýrylmalydygyny ýazsa, beýleki bir bölegi muňa garşy çykýar.

Özüni “Mert” diýip tanyşdyran okyjymyz “Orsuň dakyp giden adyndan arassalanmak, onuň täsirinden halas bolmagyň ilkinji ýoly, gaýrat edip aýryň. Gürjüler, ermeniler ors döwründe-de orsuň familiýasyny alman oňdy” diýip ýazýar.

“Berdiş” ady bilen teswir ýazan beýleki bir okyjymyz “[Aýrylmagyny] iki el bilen goldaýaryn we hökümetimizi hem bu ugurda iş alyp barmaga çagyrýaryn. Garry atamyza dakylan “ow”, “owa”-lardan dynmak isleýäris” diýip, “ýurdumyzdaky etniki taýdan türkmen bolmadyk raýatlar erkin ýagdaýda öz milli familiýalaryny ulanyp bilýärkä (meselem ermeniler – Grigorýanç, Gewrokýan, azerbaýjanlar – Alizade, Hüseýnzade we beýlekiler...), biz, ýagny özümizi ýurt eýesi diýip hasap edýän türkmenler, näme üçin [öz milli familiýamyzy] ulanyp bilemzok?’ diýen soragy keserdip goýýar.

“Taryhçy” ady bilen öz pikirini ýazan okyjymyz “Elbetde, türkmen familiýalaryndan “ow”, “owa”, “owiç”, “owna” diýen rus goşulmalary, islesek-islemesek-de iru-giç aýrylmaly bolar. Sebäbi bu goşulmalar keseki halkyňky. Biz niçezar kesekiniň familiýasyny ulanmaly? Bu gelşikli däl” diýip ýazýar.

Soňra ol sözüni dowam etdirip, “hakyky türkmen familiýasy goşulmasyz ýazylýar. Meselem, Gaýgysyz Atabaý, Berdi Kerbaba, Kerim Gurbannepes, Gurbannazar Eziz we ş.m. Türkmenler sowet döwründe-de öz milli familiýalaryny ýitirmän sakladylar, ýöne bu diňe gepleşik dilinde saklandy, resmi dokumentlerde muňa ýol berlenokdy” diýip, belleýär.

Forumda türkmen familiýalaryndaky “ow” we “owa” goşulmalarynyň saklanyp galmagyny goldap, öz garaýyşlaryny galdyrylan okyjylarymyz hem bar. Olaryň käbirleri goşulmalar aýrylsa, onda adamynyň ady bilen atasynyň adyny saýgaryp bolmajakdygyny aýdýarlar.

Özüni Eziz Muradow diýip tanyşdyran okyjymyz “Meniň pikirimçe, "ow" we "owa"-lar galmaly. Bulara eýýäm öwrenişdik. Goşulmalar bolmasa, familiýamyz bir hili gülkünç bolar. Mysal bersek, dostum Myrat Babaýew - Myrat Baba bolar. Ýada bir joram, Maral Ezizowa - Maral Eziz bolar. Jemlesek, bize "ow" ýa-da “owa”-syz familiýalar gelşenok, gülkünç bolar” diýip ýazýar.

“Murik” atly beýleki bir okyjymyz bolsa, “‘ow’ [goşulmasy] bolmasa, haýsynyň at, haýsynyň familiýadygyny nädip biljek? Gurbannazarmy at, ýa-da Eziz? “Ow” goşulmasy gerek” diýip, öz garaýşyny aýdýar.

“Syýasatçy” atly okyjymyz muňa jogap ýazyp, “hawa, dogry... ýöne biz ony mysal üçin ‘Gurbannazar Eziz ogly’ diýip üýtgedip bileris” diýip belläpdir. Meretberdi ady bilen öz garaýşyny ýazan beýleki bir okyjymyz hem, “-ow we –owa-lar aýrylsa, onda resminamalar garyşar. Bular mejbury ýagdaýda ulanylýar. Goşulmalar bolmasa, biriniň şahsyýetini anyklamak uly problema bolar. Familiýalary üýtgetmeli däl” diýýär.

Duşenbe güni açan forumymyzda öz garaýşyny ýazan okyjylarymyzyň käbirleri bolsa, türkmen familiýalaryndaky “ow” we “owa” goşulmalaryndan has öň çözülmegi derwaýys bolan meseleleriň hem bardygyny ýatladýarlar.

Özüni “Ekonomist” diýip tanyşdyran okyjymyz “Aý-ow, familiýadan bize näme? Ilki bilen sosial-ykdysady problemalar çözülmeli! Familiýa, at we ş.m. zatlaryň hemmesi boş. Eger-de korrupsiýa meselesi çözülse, täze iş orunlary açylsa, minimal aýlyk haklary barha göterilse, ýokary okuw jaýlarynda talabalaýyk bilim berilse, onda goý, meniň familiýam näme bolsa, şol bolsun!” diýip ýazýar.

Makalamyzyň soňunda ýokarky teswirleriň ählisiniň okyjylaryň öz pikir-garaýyşlarydygyny we olaryň Azatlyk Radiosynyň pozisiýasyny aňlatmaýandygyny ýatladýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG