Sepleriň elýeterliligi

Nepesgulyýewiň ykbaly nämälimdigine galýar


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew.

Şu gün, ýagny 3-nji maýda Bütindünýä metbugat azatlygy güni bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1993-nji ýylyň dekabr aýynda yglan edilen bu sene, şu ýyl “Informasiýanyň we esasy azatlyklaryň elýeterligi - bu siziň hukugyňyzdyr” diýen şygar astynda bellenilýär.

“Men Bütindünýä metbugat azatlygy gününde ähli hökümetleri, syýasatçylary, biznesmenleri we graždanlary garaşsyz, erkin mediany goldamaga çagyrýaryn. Bu esasy hukuklar bolmazdan, adamlaryň erkinligi we güýç-kuwwaty çäkli bolar. Şunuň esasynda biz ähli adamlar üçin mertebeli we mümkinçilikli dünýäni döretmegiň ugrunda bilelikde işläp bileris” diýip, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun 3-nji maýda guramanyň websaýtynda çap eden beýanatynda ýazýar.

Emma şol bir wagtda Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew toslama aýyplamalar esasynda tussag edilip, indi 10 aýa golaý wagt bäri tussaglykda saklanylýar. Onuň häzirki ykbaly barada resmi taýdan hiç hili maglumat berilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri maglumat bermeýär

Azatlyk Radiosynyň we “Türkmenistandan alternatiw habarlar” guramasynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew geçen ýylyň 7-nji iýulynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde öz žurnalistika işi bilen baglanyşykly maglumatlary ýygnaýan wagty tussag edildi.

Onuň ejesiniň aýtmagyna görä, türkmen häkimiýetleri Nepesgulyýewiň ýanynda neşe garyndyly “tramadol” dermanynyň tapylandygyny aýdyp, ony 2015-nji ýylyň 31-nji awgustynda toslama aýyplamalar esasynda 3 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdirler.

Emma şol bir wagtda, türkmen häkimiýetlerinden Nepesgulyýewe bildirilýän aýyplama, onuň türmedäki ýagdaýy barada resmi taýdan hiç hili maglumat alyp bolmaýar.

Häzirki wagtda, Azatlyk Radiosynyň Nepesgulyýewiň ejesinden oglunyň ykbaly barada maglumat almak synanyşyklary hem başa barmaýar.

Halkara guramalary çagyryş edýär

Soňky 10 aýyň dowamynda halkara hukuk goraýjy guramalaryň ençemesi beýanat ýaýradyp, S.Nepesgulyýewiň öz žurnalistik işi üçin ýanalýandygyny öňe sürdüler. Olar öz beýanatlarynda türkmen häkimiýetlerini Nepesgulyýewiň ykbaly barada maglumat bermäge we ony azatlyga goýbermäge çagyrdylar.

Halkara guramalarynyň global metbugat azatlygy boýunça ýaýradýan hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýylyna iň pes bahalaryň birini alýar we resmi Aşgabat, öz kanunlaryna garşy gidip, raýatlaryň informasiýa almak we ýaýratmak azatlygyny yzygiderli bozýanlygy üçin tankyt edilýär.

“Azatlyk öýi” guramasynyň global metbugat azatlygy boýunça 2016-njy ýyldaky ýyllyk hasabatynda hem Türkmenistan ýene “ýamanyň ýamany” diýilýän ýurtlaryň onlugyna girdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG