Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň, Moldowanyň güýçleri harby türgenleşik geçirýär


Moldowanlar Bireleşen Ştatlaryň ýaragly güýçlerini garşy alyarlar.

Moldowanlar Bireleşen Ştatlaryň ýaragly güýçlerini garşy alyarlar.

Bireleşen Ştatlaryň we Moldowanyň ýaragly güýçleri 3-nji maýda bilelikde harby türgenleşige başladylar.

Amerikanyň takmynan iki ýüz esgeri bronly kolonnada, Rumyniýanyň Goranmak ministrliginiň resmileri serhetden geçerler diýip aýdanyndan bir gün soň, ýagny 3-nji maýda daňdan Rumyniýadan Moldowa girdiler.

Birleşen Ştatlaryň ýaragly güýçleri serhet geçelgesi Skuleniden merkezi Moldowa girip, Falesti şäheriniň üsti bilen paýtagt Kişinýowyň takmynan 20 kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Negresti şäherine tarap ýola düşdüler.

Kodlaýyn ady "Aždarha pioner" bolan türgenleşik plana görä, 20-nji maýa çenli dowam eder. Moldowanyň orsýetçi oppozision partiýasy "Sosialistik" partiýa muňa protest bildirip, demonstrantlary ýoly baglamaga çagyrdy. Ýöne protestçileriň sany on-on iki adama-da ýetmän, amerikan esgerleri Negresti şäheriniň golaýyndaky türgenleşik ýerine tarap ýollaryny bökdençsiz dowam etdirdler.

Oppozision partiýalar 9-njy maý "Ýeňiş güni" mynasybetli amerikanyň bronly ulaglarynyň hem gatnaşmagynda Kişinýowda geçjek dabarada adamlary protestlere çagyrdylar.

Amerikanyň bronly ulaglarynyň gatnaşmagynda Kişinýowda geçirilýän dabara bilen ýaran güýçler nasistik Germaniýany ýeňip, Ýewropada Ikinji jahan urşunyň soňuna çykylmagynyň 71-nji ýyl dönümini belleýärler.

Sosialistik partiýanyň başlygy Igor Dodon türgenleşigi "harby basyp alyş" diýip atlandyrdy.

Moldowanyň goranmak ministri Anatol Salaru hem Sowet goşuny 1944-nji ýylda Moldowa gireli bäri, "Dodonyň atly goşuny Moldowany terk etmegi ýatdan çykardy" diýip, Dodonyň tankydyna jogap berdi.

Salaru bu beýanaty bilen Moldowanyň gündogaryndaky separatistik region Transdneprdäki ors esgerlerini göz öňünde tutýar.

1992-nji ýylda atyşyklary bes etmek boýunça ylalaşylyp, separatistik konflikt tamamlanandygyna garamazdan, Orsýet özüniň 1500 esgerini şindi-de bu regionda saklaýar.

Bu goşunyň 380 çemesi esgeri parahatçylygy goramak baradaky halkara güýçlerine degişli. Galanlary bolsa Orsýetiň 14-nji Gwardiýa goşunynyň esgerleri

Moldowa NATO-nyň Parahatçylyk boýunça partnýorlyk programmasyna 1994-nji ýylda goşuldy.

XS
SM
MD
LG