Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF: Türkmen ykdysadyýetine çynlakaý täsir ýetdi


Aşgabat, köçe bazary
Aşgabat, köçe bazary

«Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitindäki beýleki ýurtlar ýaly, daşarky sarsgynlar, şol sanda energiýa nyrhlarynyň hemişelik peselmegi Türkmenistana çynlakaý täsir ýetirdi» diýip, Halkara walýuta fondunyň Aşgabada sapar eden missiýasynyň başlygy Býörn Rotheriň 2-nji maýda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Ol 26-29-njy aprel aralygynda türkmen paýtagtynda saparda bolup, uly hökümet resmileri we diplomatik jemgyýetçilik bilen ýurduň makroykdysady ösüşi, öňde duran ykdysady synaglar hem-de ileri tutulmaly meseleler barada maslahat etdi.

«Nebitiň hem-de tebigy gazyň bahasynyň arzanlamagy we Orsýetdäki ykdysady çökgünlik, Hytaýyň ykdysadyýetiniň haýallamagy we amerikan dollarynyň esli gymmatlamagy bileleşip, Türkmenistanyň jemi içerki önüm ösüşiniň 2015-nji ýylda 6.5 prosente çenli aşak düşmegine sebäp boldy» diýip, Rotheriň beýanatynda aýdylýar.

Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistandaky ýagdaýyň sebitdäki beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende ganymatdygy, emma 2014-nji ýyldaky 10.3 prosent ösüşden häzirki derejä düşmegiň mazaly peselişi görkezýändigi bellenilýär.

2016-njy ýylda, henizem uly maýa ýatyrylýandygyna garamazdan, uglewodorod ykdysadyýetiniň ýene biraz haýallmagy mümkin.

Energiýa girdejileriniň azalmagy netijesinde, import edilýän harytlaryň düýpli kemeldilendigine garamazdan, häzirki hasap defisitiniň 2016-njy ýylda jemi içerki önüm ösüşiniň 13 prosentine çenli giňemegine garaşylýar. Ýogsa, 2015-nji ýylda bu görkeziji 12 prosent bolar diýip hasaplanypdy.

“Türkmen häkimiýetleri daşarky şertleriň ýaramazlaşmagyna işjeň jogap berdiler: olar 2015-nji ýylyň ýanwarynda manadyň hümmetini peseltdiler, inwestisiýa harajatlaryny we subsidiýalary kesdiler, uglewodrod däl ykdysadyýetiň salgyt girdejilerini ýokarlandyrdylar, bank pudagynyň düzgünleşdirilmegini we gözegçiligini güýçlendirdiler» diýip, Halkara walýuta fondunyň beýanatynda bellenilýär.

Mundanam başga, hökümetiň hususy pudagyň eksport edilýän harytlary we daşardan getirilýän önümleriň ýerini tutjak önümleri öndürmegini höweslendirmegi begençli, sebäbi bu strategiýa gelýän ýyllarda ýurt içindäki önümçiligiň geriminiň esli giňemegine getirer diýip, HWF hasap edýär.

«HWF hökümetiň amala aşyrýan reformalaryna geňeş-maslahat arkaly, şol sanda makroykdysadyýet statistikasy, pul syýasaty we operasiýalary, şeýle-de maliýe syýasaty boýunça goldaw bermäge taýýar» diýip, beýanatda aýdylýar.

Halkara walýuta fondunyň missiýasynyň topary Aşgabada sapary mahalynda hökümet we Bütindünýä banky tarapyndan bilelikde guralan bäsleşiklilik konferensiýasyna gatnaşdy, 2016-njy ýylyň Konsultasiýa missiýasynyň IV maddasynyň esasy temalaryny ara alyp maslahatlaşdy diýip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de topar türkmen häkimiýetleri bilen ajaýyp iş aragatnaşygynyň bolandygyny aýdyp, häkimiýetlere we beýleki kärdeşlere mähirli myhmansöýerli we netijeli maslahat üçin minnetdarlyk bildirýär.

XS
SM
MD
LG