Sepleriň elýeterliligi

Bellingcat: Uçary rus Buky urdy


Bellingcat: MH17 uçary Buk 332 kysymly raketa atyjysy tarapyndan uruldy

Bellingcat: MH17 uçary Buk 332 kysymly raketa atyjysy tarapyndan uruldy

Malaýziýanyň ukrain territoriýasynda ýykylan uçary boýunça derňew geçirýän açyk-jemgyýet barlagçylar topary MH17 ýolagçy uçarynyň Orsýetiň Buk raketa atyjysy tarapyndan urlandygy baradaky netijä geldi.

Britaniýanyň garaşsyz derňewçiler topary bolan Bellingcat tarapyndan 3-nji maýda çap edilen hasabatda aýdylmagyna görä, MH17 uçary 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda Orsýetiň Kurskdaky uçara garşy 53-nji raketa brigadasynyň Buk 332 kysymly raketa atyjysy tarapyndan uruldy.

Prezident Wladimir Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow özüniň Bellingcat derňewiniň nädereje ygtybarlydygyny barlajakdygyny, sebäbi özünde «rus ýaraglarynyň belgilenen sanlaryny görkezýän hiç bir anyk maglumatyň ýokdugyny» aýtdy.

Peskow Buk 332-ä mahsus jikme-jik maglumatlaryň «Goranmak ministrliginiň ekspertlerini alada goýan bir meseledigini» aýtdy.

Bellingcat ekspertleri Orsýetiň uçara garşy 53-nji raketa brigadasynyň agzalarynyň 2010-njy ýyldan bäri internetde ýerleşdiren fotosuratlaryny ulanyp, Orsýetiň gündogar Ukrainada 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda surata düşürilen Buk M1 raketa atyjysyna mahsus ýedi sany özboluşly meňzeşligi tapdy.

Şol diýilýän meňzeşlikleriň arasynda bölekleýin garalan belgi sanlary, şrift we san belgileriniň arasyndaky anyk aralyk meýdany, tigirleriň tipi, ýemşeren gapdal paneli, raketa goýberijiniň birleşdiriji kabelleri, transport serişdesiniň iki gapdalyndaky ak tegmiller, tüsse çykýan turbanyň golaýyndaky ýanyk görnüşi we onuň göwrümi bar.

Bellingcat hasabatynda aýdylmagyna görä, Buk 332 sistemasynda bu diýilýän meňzeşlikleriň ýedisi hem bar we eger onda uçar urlup ýykylmazynyň öň ýanynda gündogar Ukrainada surata düşürilen rus Buk sistemasy bilen diňe bir umumylyk bolan bolsa-da, ol görkezilmegi mümkin ýeke-täk kandidat bolardy.

Bellingcat hasabaty fewral aýynda ýolagçy uçarynyň bortundaky 298 adamy öldüren raketa hüjümini Orsýetiň ýokary derejeli harbylary bilen baglanyşdyrdy.

Gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler soňky Bellingcat hasabatyny ret edip, şol wagt, şol sanda Malaýziýanyň uçary urlup ýykylan wagtynda öz kontrollyk edýän territoriýalarynda hiç bir rus howa gorag toparynyň bolmandygyny aýtdylar.

Kreml hem gündogar Ukraina, separatistlere goldaw üçin, hiç bir rus harby bölüminiň iberilmändigini aýdyp gelýär.

Şeýle-de Kreml ukrain hökümet güýçleri tarapyndan öldürilen ýa ýesir alnan rus esgerleriniň ol ýere «meýletinçiler» hökmünde gidendigini aýdýar.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko, Minsk araçylygynda baglaşylan yrga ýaraşyga garamazdan, Kiýewde rus goşunlarynyň we enjamlarynyň gündogar Ukraina geçişi hakynda subutnama bardygyny aýdýar.

Şeýle-de Kiýew Orsýet, ol ýerdäki orsýetçi separatistleri goldamak üçin, gündogar Ukraina indi 30 müňden gowrak esger ýerleşdirdi diýýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG