Sepleriň elýeterliligi

Kreml NATO jogap berip, täze goşun döredýär


Orsýetiň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Orsýetiň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Orsýetiň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu 2016-njy ýylyň aýagynda ýurduň günbatarynda we günortasynda üç sany täze goşun bölüminiň ýerleşdiriljekdigini we munuň “NATO-nyň güýçleriniň Orsýetiň serhetlerine ýakyn ýerleşdirilmegine” jogapdygyny 4-nji maýda aýtdy.

Orsýetiň harbylary täze harby bölümleriň dörediljegi barada ilkinji gezek ýanwar aýynda mälim edipdiler.

Şoýgunyň çykyşynyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Goranmak sekretary Aş Karter Orsýeti Sowuk uruş döwrüne tarap yza gaýtmazlyga ündedi we agressiw hereketleriň NATO-ny ýokary taýýarlyk derejesine iterýändigini belledi.

Karter NATO-nyň Ýewropadaky täze ýolbaşçysynyň bellenmegi boýunça Germaniýada geçirilen dabarada eden çykyşynda Orsýetiň gündogar Ukraina goşulyşmak, 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa etmek we Baltiýa döwletlerine haýbat atmak ýaly hereketlerini belläp geçdi.

XS
SM
MD
LG