Sepleriň elýeterliligi

"Reutersden" ylmy habarlar: Marsa ilkinji adam sapary


Mars planetasy.

Mars planetasy.

Uzyn boýunly, äpet dinozawryň bütewi kellesüňki tapyldy

Argentinada tapylan, özem gaty gowy saklanan ol kellesüňki alymlara Ýeriň taryhyndaky iň mähnet haýwanlar bolan dinozawrlaryň bir görnüşiniň duýgurlygy we häsiýetleri barasynda örän ähmiýetli maglumatlary berýär. Alymlar ylmyň täze açan "Sarmientosawr" diýip atlandyrylan dinozawr görnüşiniň bütewi ýagdaýda kelle hem boýun süňklerini tapandyklaryny habar berýärler. Dinozawrlaryň bu görnüşi 95 million ýyl mundan owal Patagoniýa düzlüginde ýaşapdyr. Bu kellesüňküniň kompýuterde taýýarlanan tomografiýasy ol görnüşiň beýni gurluşyny äşger etmek bilen onuň eşitmek, görmek we duýmak ýaly ukyplary babatda diýseň jikme-jik maglumatlar berýär.

Emeli hemra çäresiniň yza süýşürilmeginden soň Putin jogapkär adamlardan gatyrganýar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, müňlerçe menzil ýol aşyp, ýurduň täze kosmodromyndan ilkinji "Soýuz" kysymly uçarmansyz raketanyň uçurylmagy üçin gurnalan dabara gatnaşdy. Ýöne raketanyň uçurylmagyna sähelçe salym galanda näsazlyklaryň bardygy bilnip, onuň uçurylmagy 24 sagat yza süýşürildi. Şonda ikinji synanyşygyň hem başa baryp-barmajagy adamlary iňkise goýdy.

Alymlar: Uly merjen rifiniň demirgazyk böleginiň ýarpsy ölüpdir ýa-da ýok bolup barýar

Awsrtaliýanyň ýaňy-ýakynda beren beýanatyna görä, gaty köp turistik saparlaryň gurnalmagyna sebäp bolan we ýurda ýylda 3.9 milliard dollarlyk girdeji gazandyran Uly merjen rifiniň diňe ýüzden 7 göterimi agarmakdan gutulandygy belli boldy. Suwuň çakdanaşa gyzan mahaly ýüze çykýan agarma täsiri sebäpli merjen polipleri öz aýratynlygyny ýitirýärler we hasam kiçelip, agarýarlar. Suw sowan mahaly bolsa bu ýagdaýyň täsiri tersine bolýar, ýagny biraz zelel ýeten merjenler hem soň öz ýagdaýyny täzeden dikeldip bilýärler. Bolmasa merjenleriň hemmesine zyýan ýetýär. Ýüze çykan bu ýagdaýyň häzirki wagtda demirgazyk merjen rifiniň ýarpysyny ýok edäýmegi ahmal diýilýär.

"SpaceX" Marsa ilkinji saparyny 2018-nji ýylda gurnar

"SpaceX" firmasy Marsa ilkinji uçarmansyz emeli hemrasyny 2018-nji ýylda ugratmagy göz öňünde tutýar. Ol firmany döreden Elon Muskin, şeýlelikde başga planetalara adam ibermek plany boýunça ilkinji ädimi durmuşa geçirer. Marsa ilkinji adam saparyny 2030-njy ýylda gurnamak isleýän NASA tarapyndan berlen beýannamada, gurama "SpaceX-niň" "Red Dragon" (Gyzyl aždarha) diýip atlandyrylýan ilkinji saparyna tehniki goldawy berer.

Şöhle rak keseline garşy göreşmäge kömek eder

Alymlar rak, ýagny düwnük keseliniň "ak gan" görnüşine garşy göreşde ilkinji gezek "optogenetika" atly tilsimden peýdalanypdyrlar. Optogenetika elektrik tolkunlarynyň öýjüklere gönükdirilmegini göz öňünde tutýar. Geçirilen ylmy barlagyň awtory Brook Chernet, gurbaganyň embrionyna rak keselini ýokuşdyrmak üçin oňa iki onkogen gen görnüşini goşupdyr. Soň olara şöhlä gaty duýgur bolan "ion kanallaryny" döredýän başga genler goşupdyrlar. Şeýle ýagdaýda giperpolariz tilsimi bilen bejeriş gören embrionlarda soňra rak keseliniň alamatlary gaty azalypdyr.

Harby-kosmos uçuşlaryndaky Boeing-Lockheed monopoliýasyny "SpaceX" syndyrypdyr

ABŞ-nyň Harby-höwa güýçleri millarder Elon Muskiniň "SpaceX" firmasy bilen GPS emeli hemrasynyň uçurylmagy barasynda 83 million dollarlyk şertnama gol çekipdir. Şeýlelikde harby-kosmos emeli hemralarynyň uçurylmagynda on ýyldan köp wagtdan bäri "Lockheed Martin Corp" we "Boeing Co" firmalarynyň dowam edýän monopoliýasy syndy. Amerikanyň Harby-howa güýçleriniň bir resmisiniň aýtmagyna görä, GPS emeli hemrasy 2018-nji ýylyň maý aýynda Floridadan uçurylar.

Delide dinozawr galyndylarynyň saklanýan muzeýi ýangyna uçrady

Hindistanyň paýtagtynda ýerleşýän Milli tebigat taryhy muzeýiniň iň ýokarky gatynda ýangyn döredi. Ol muzeýde ummasyz köp sanly ösümlikleriň we haýwan görnüşleriniň galyndylary saklanýar. Olaryň arasynda ýaşy 160 million ýyl bolan dinozawrlaryň galyndylary hem bar. Ýüzden köp ýangyn söndürýän gullugyň işgärleri üç sagatlap ýangyny söndürmek üçin jan etdiler.

XS
SM
MD
LG