Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

1-nji Maý we türkmen migrantlarynyň hak-hukuklary


Aşgabadyň halkara aeroportundan çykyp barýan ýolagçylar.
Aşgabadyň halkara aeroportundan çykyp barýan ýolagçylar.

Türkmenistanly zähmet migrantlaryň agdyklyk edýän ýurtlarynyň başyny çekýän Türkiýede 1-nji maý "Işçi baýramy" hökmünde bellenildi.

Türkiýede işçiler diýlende bolsa, ýagdaýyň türkmenleriň nukdaýnazaryndan seredilende, ilki bilen bu ýurtda ýaşaýan türkmenistanly zähmet migrantlary ýada düşýär.

Ýogsa-da, Türkiýede dürli işlerde işleýän türkmenistanly zähmet migrantlary nähili hak-hukuklara eýe? Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary öz iş şertlerinden hoşalmy? Olar iş barasynda Türkiýede has köp nähili problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we muňa nähili çözgütler gözleýärler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkiýede işleýän türkmen zähmet migrantlarynyň hak-hukuk ýagdaýlaryna gönükdirýär.

Bu temada gepleşige gatnaşyp tejribelerini, başdan geçirmelerini, bellikdir-tekliplerini Azatlyk radiosynyň üsti bilen halk-köpçüligine ýetirmek isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylary arkaly aragatnaşyga geçip bilerler. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG