Ermenistanyň hökümeti Ýerewany Azerbaýjandan bölünen Daglyk-Garabag regionyny ykrar etmek barada oppozision kanun çykaryjylar tarapyndan taýýarlanan kanunyň taslamasyny makullady.
Kanunyň taslamasy 5-nji maýda kanun çykaryjylaryň garamagyna berildi.
Baku we Ýerewan 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda separatist regionyň üstünde gapma-garşylykly ýagdaýda galýarlar.
Ermenistan tarapyndan goldanýan separatistler Daglyk-Garabagda 1980-nji ýyllaryň aýagyndan 1990-njy ýyllaryň başyna çenli dowam eden urşuň netijesinde regionyň garaşsyzlygyny yglan etdiler we esasan ermeni ilatly regiony öz gözegçiligine aldylar. Uruş zerarly 30 müň adam wepat bolupdy.
Emma Daglyk-Garabagyň garaşsyzlygy hiç bir ýurt tarapyndan ykrar edilmedi.
Konflikti diplomatik ýoldan çözmek boýunça halkara tagallalary syýasy netije bermedi.
2-nji aprelde Daglyk-Garabag Ermenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda 1994-nji ýylda gelnen ýaraşykdan bäri iň güýçli zorluklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.
5-nji aprelde ok-atyşygy bes etmek barada gelnen ýaraşyk bozulýar.