Sepleriň elýeterliligi

HMF ukrain hökümetiniň reformalaryna baha berer


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s) we Halkara Maliýe Fondunyň dolandyryjy müdiri Kristine Lagarde, Kiýew

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s) we Halkara Maliýe Fondunyň dolandyryjy müdiri Kristine Lagarde, Kiýew

Halkara Maliýe Fondy (HMF) ukrain hökümetiniň reformalar programmasynyň näderejede netijeli amala aşyrylýandygyna syn etmek üçin 10-18 maý aralygynda Kiýewe öz resmi toparyny iberjekdigini mälim etdi.

Gurama Ukrainanyň reformalary geçirmegini ýurda 17.5 million dollarlyk karz pulyň berilmegi üçin talap edýär.

Premýer-ministr Wolodymyr Hrosymanyň 14-nji aprelde wezipä geçmeginden öň Halkara Maliýe Fondunyň dolandyryjy müdiri Kristine Lagarde Kiýewiň ýurdy dolandyrmak we korrupsiýa garşy göreşmek boýunça “düýpden täze tagallalary” etmedik ýagdaýynda öňa maliýe kömegini bermek boýunça programmanyň ýatyryljakdygyny duýdurdy.

HMF-yň maliýe kömegi programmasy tapgyrlaýyn geçirilýär we syýasy hem ykdysady reformalary talap edýär.

XS
SM
MD
LG