Sepleriň elýeterliligi

Garaşsyz gazak žurnalisti sud edilýär


Guzyal Baidalinowa eli gandally Almatynyň etrap suduna alnyp barylýar, 26-njy dekabr, 2015.

Guzyal Baidalinowa eli gandally Almatynyň etrap suduna alnyp barylýar, 26-njy dekabr, 2015.

Tanymal gazak žurnalisti Guzyal Baidalinowa töhmet atmak aýyplamasy esasynda suda çekildi.

Almatynyň etrap sudy žurnalistiň işini 5-nji maýda diňleýär.

Nakanune.kz atly onlaýn neşriň eýesi we baş redaktory Baidalinowa dekabr aýynda Gazagystanyň iň uly banklarynyň biri Kazkommertzbankynyň žurnalisti “galp maglumaty çap etmekde” aýyplamagyndan soň tussag edilipdi.

Baidalinowa özüne garşy öňe sürlen aýyplamalary ret edýär.

Nakanune.kz ýerli häkimiýetleriň adyna tankydy maglumatlary çap edýängaraşsyz neşir hökmünde tanalýar.

Bu websaýtda işleýän ýene bir žurnalist Ýuliýa Kozlowa fewral aýynda neşe saklamak aýyplamasy esasynda gozgalan işde aklandy.

XS
SM
MD
LG