Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýa ors resmileri barada halkara order çykardy


Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maliýe komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Wladislaw Reznik.

Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maliýe komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Wladislaw Reznik.

Ispaniýanyň bir kazysy ors hökümetiniň öňki we häzirki işgärleriniň birnäçesiniň, şeýle hem prezident Wladimir Putin bilen ýakyn ilteşikli beýleki syýasy şahsyýetleriň ençemesiniň tussag astyna alynmagy boýunça halkara order çykardy.

Sanawa girizilen atlar öňki premýer-ministri, öňki goranmak ministri, şeýle-de häzirki premýer-ministriň orunbasary hem-de Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maliýe komitetiniň başlygynyň orunbasary ýaly ýokary derejeli adamlary öz içine alýar.

Ispaniýanyň çykaran sud dokumentinde bu ýurtda edilen jenaýat işleri, şol sanda ganhorluk, ýarag we neşe gaçakçylygy, zorlap pul almak we pul ýuwmak bilen baglylykda Orsýetiň iki sany iň uly we giňden tanalýan jenaýatçy guramalaryna – ”Tambow” we ”Malyşew” toparlaryna - agzalykda güman edilýän adamlar hakda jikme-jik maglumat berilýär.

Ispan polisiýasy bu jenýatçy toparlaryň biri uly derejeli täsirli bir kanunçykaryjynyň goldawy bilen Orsýetiň ministrliklerine, howpsuzlyk güýçlerine, hökümetiň möhüm resmi organlaryna we söwda ulgamyna aralaşmagy başarypdyr diýen netije çykarýar.

Güman edilýän resmiler

Kazy Jose de la Mata agzalýan orderi ýanwar aýynda çykaran hem bolsa, bu iş metbugata 2-nji maýda bildirildi.

Jenaýatçy toparlar bilen baglanyşykly diýip güman edilýänleriň biri premýer-ministriň orunbasary Dmitriý Kozak. Ozal Putiniň önüp-ösen ýeri St.Peterburgda prokurorlyk eden Kozak soňra Putiniň administrasiýasyna goşuldy.

Güman edilýän adamlaryň ýene biri häkimiýet başyndaky "Bütewi Orsýet" partiýasynyň kanunçykaryjysy we Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maliýe komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Wladislaw Reznik.

Ýene biri 2007-nji ýylyň sentýabryndan 2008-nji ýylyň maý aýyna çenli Orsýetde premýer-ministrlik eden Wiktor Zubkow. Ol soňra Dmitriý Medwedewiň prezidentlik döwründe 2008-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli premýer-ministr Putiniň birinji orunbasary bolup işledi.

Jenaýatçy topara agza diýip güman edilýänleriň sanawynda Içeri işler ministrliginiň Baş müdirliginiň ýolbaşçysy Nikolaý Nikolaýeviç Aulowyň, öňki goranmak ministri Anatoliý Serdýukowyň, premýer-ministriň öňki orunbasary Igor Sobolewskiniň, şeýle hem Informasiýa tehnologiýasy boýunça öňki ministr Leonid Reýmanyň hem ady bar.

Derňew

Tussaglyk orderi ispan polisiýasynyň Orsýetiň jenaýatçy toparlarynyň işjeňligi barada 2008-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli alyp baran derňew işleriniň esasynda çykaryldy.

Ispan prokuroryndan iýun aýynda habar serişdelerine gowşan 400 sahypalyk jemleýji hasabatda ”Tambow” toparynyň Ispaniýadaky işjeňligi bilen Kremliň içki töweregine degişli adamlaryň arasyndaky ilteşikliligiň telefon gepleşikleriniň ýazga geçirilmegi arkaly ýüze çykarylandygy bellenilýär.

Derňewde aýratyn-da Gennadiý Petrowyň roly barada ýörite durlup geçilýär. Onuň ”Tambow” toparynyň ýolbaşçysydygyna ynanylýar. Petrow 2008-nji ýylda Maýorkada bir reýdde tutuldy. Geçirilen şol reýdde ”Tambow” jenaýatçy toparynyň ispan bölüminiň agzalary diýip güman edilýän ýene 20 adam ele salyndy. Ýöne Petrowa soňra Orsýete gitmäge rugsat edildi. Ol şondan bäri St. Peterburgda ýaşaýar.

Prokuroryň raportynda: "Petrowyň ýolbaşçylygyndaky jenaýatçy topar diňe kanunçykaryjy Reznigiň däl, eýsem birnäçä ministrleriň hem kömegi bilen öz ýurdunyň döwlet strukturalaryna aç-açan aralaşmagy başarypdyr" diýilýär.

Moskwanyň reaksiýasy

Reznigiň täsirinden peýdalanyp, Orsýetiň döwlet organlaryna, şol sanda şäher häkimliklerine, ministrliklere, howpsuzlyk güýçlerine, port häkimiýetlerine, şeýle hem banklar we korporasiýalar ýaly hususy guramalara-da aralaşmak gurnalypdyr diýip, ispan polisiýasy bu işde Petrowy güman edýär.

Petrow Putiniň ýakyn dostlary Nikoloý Şamalow, Wiktor Mýaçin we Ýuriý Kowalçuk bilen birlikde 1998-1999-njy ýyla çenli Rossiýa Banknyň eýeleriniň biridi.

“Tambow” bilen “Malyşew” 1980-nji ýyllaryň aýaklarynda St. Peterburgda döräp, bikanun gazanja baş goşan jenaýatçy toparlar. 1989-njy ýylda agalyk üstünde gandöküşikli uruşlary baş geçiren iki bäsdeş toparyň ençeme senagat kärhanalaryna kontrollyk edýändigine, şeýle hem neşe gaçakçylygy, gorag bahanasy bilen paç almak we pul ýuwmak ýaly işler bilen meşguldygyna ynanylýar.

“Tambowyň” 2008-nji ýylda Bolgariýada 1 milliard ýewrony ýuwmak üçin geçiren operasiýalary hakda gozgalan jenaýat işi onuň bikanun işleriniň näderejelere ýetendigini ýüze çykardy.

Esasy sorag indi Moskwanyň Ispaniýanyň çykaran orderine reaksiýa görkezip, atlary sanawa girizilen adamlary ekstradisiýa etjekdigi ýa-da etmejekdigi. Olaryň hemmesiniň diýen ýaly häzir Orsýetde ýaşaýandygyna ynanylýar.

"Ispan [prokurorynyň] raportynda atlary tutulýan esasy şahsyýetler bu gün hiç bir problemasyz Orsýetde ýaşaýarlar, olaryň işleri hem gaty gowy" diýip, St. Peterburgy hem öz içine alýan regionda korrupsiýa we çynlakaý ykdysady jenaýatlar boýunça ekspert pensiýadaky ýokary derejeli derňewçi Andreý Zybkow dekabr aýynda Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG