Sepleriň elýeterliligi

Atambaýew Baş kanuna düzediş girizmeli diýdi


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Prezident Almazbek Atambaýew Gyrgyzystanyň konstitusiýasynyň käbir bölekleriniň “ýurduň garaşsyzlygyna zeper” ýetirýändigini aýtdy we oňa düzedişleriň girizilmelidigini belledi.

Orsýetiň Interfaks täzelikler agentliginiň 5-nji maýda çap eden interwýusynda Atambaýew “maddalar mümkin boldugyndan ir düzedilmeli” diýdi.

Atambaýew bu çykyşyny öz kömekçisi Busurmankul Taabaldiýewiň BMG-niň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň (UNCHR) adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Azimjan Askarow baradaky çagyryşyny tankytlamagynyň yzýany etdi.

Taabaldiýew UNCHR-iň çagyryşyny Gyrgyzystanyň içerki işlerine goşulyşmaklyk diýip atlandyrdy.

Gyrgyzystanyň konstitusiýasy ýurduň raýatlaryna öz hukuklaryny goramak üçin halkara sudlaryna ýüz tutmaga mümkinçilik berýär we gyrgyz häkimiýetlerinden halkara institutlarynyň kararyny berjaý etmegi talap edýär.

XS
SM
MD
LG