Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kürtler YD-a garşy söweşde esasy ýarana öwrülýär


SDG-a kürtler, araplar, hristianlar hem türkmenler girýär.
SDG-a kürtler, araplar, hristianlar hem türkmenler girýär.

Kürtler, deňze çykýan ýolsuz we Eýran, Yrak, Siriýa we Türkiýe arasynda böleklere bölünip, hemişe geografiýadan kösendiler.

Emma muňa garamazdan, Siriýa krizisi we Siriýadaky kürt ýerlerine araçäkdeş «Yslam halyfaty» howpy zerarly, siriýaly kürtler «Yslam döwleti» jeňçi toparyna garşy iň bir ynamdar koalisiýa ýaranlarynyň birine öwrüldi. Olar «Yslam döwleti» toparynyň paýtagty Rakkanyň ele geçirilmeginde hem möhüm rol oýnajaga çalym edýär.

Kürtler ABŞ-nyň häzirki strategiýa fokusyna, has aram pitne toparlarynyň esasy ünsi bolan prezident Başar al-Assady däl, jyhatçy toparlary ýeňmek babatdaky pikirine örän jaýdar gelýäne meňzeýär.

Käbir aram pitne toparlaryny goldamak Waşington üçin problema döredýär, sebäbi ol toparlar Assada garşy göreşde «Al-kaýda» bilen iltewli «Nusra front» we salafist «Jaiş al-Yslam» bilen hyzmatdaşlyk etdiler. Käbir pitne toparlary bolsa, ABŞ-nyň beren üpjünçilik enjamlaryny jyhadçylara berdiler.

YD söweşijileri golaýda demirgazyk Siriýada pitneçi hüjümlerini serpikdiren bolsa, siriýaly kürtler türk serhediniň golaýyndaky söweş meýdanynda has rowaç bolup, özleriniň YD jeňçilerine garşy durmaga ukyplydyklaryny subut etdiler.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jon Kirbi golaýda «Olar batyrlyk görkezdiler. Olar üstünlik gazandylar» diýdi.

Pitneçiler Siriýanyň we Orsýetiň urýan howa zarbalaryna hötde gelip, ýyllap öz territoriýalaryny goramaga başaran hem bolsalar, YD jeňçilerine garşy söweşde ilerlemegi başarmadylar.

Assada garşy söweşýän pitneçileriň türk serhediniň golaýynda ýeňilýän wagty, olardan tapawutlylykda, kürtler demirgazyk-gündogar Siriýada ileri süýşdiler.

Kürtleriň ýolbaşçylygyndaky Siriýa demokratik güýçleriniň resmi sözçüsi, polkownik Talal Silo geçen fewralda Şadadi operasiýasyny tamamlanlaryndan soň, özleriniň mümkin bolan üç ugurda söweşmek mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Olar – günbatara, Manbije tarap, günortada Rakkanyň töweregindäki oba ýerlerini azat etmäge tarap, ýa-da günorta-gündogara, Deir el-Zoura tarap ugurlardyr.

Käbir tankytçylar Siriýa demokratik güýçleriniň öňden gelýän kürt ýerlerinden aňryk geçmek islemeýändiklerini aýdýarlar.

Emma Silo «biz diňe kürt şäherlerini azat etmek islemeýäris» diýip, bu aýdylýany ret etdi. «SDG-nyň maksady diňe kürt regionlaryny azat etmek däl. Mysal üçin, Şadadiniň oba ýerleri, Hasakanyň günorta sebiti hem biziň azat eden ýerlerimiz, emma ol ýerlerde araplar ýaşaýar» diýip, ol aýtdy.

"Onsoňam biziň esgerlerimiz diňe kürtlerden ybarat däl, olaryň arasynda araplar hem, hristianlar hem, türkmenler hem bar. Bu göreş hemmeler üçin» diýip, Silo sözüniň üstüni ýetirdi.

SDG-nyň esasy maksatlarynyň biri demirgazyk Siriýany kontrol astyna almak, şol sanda Kobaniden kürtleriň Efrin enklawyna koridor açmak bolup durýar.

Bu Türkiýe tarapyndan goldanylýan siriýaly pitneçileriň maksatlaryna garşy gelýär, olar demirgazyk Siriýanyň oba ýerlerini häzir Siriýanyň hökümet güýçleri tarapyndan gabalan Aleppo üçin üpjünçilik liniýasy hökmünde ulanmak isleýärler.

SDG güýçli we dürli etniki güýçlerden durýan topar we ýakyn geljekde Siriýadaky «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşde ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň esasy partnýoryna öwrüljege meňzeýär.

Wladimir van Wilgenburg häzir Kamyşlyda, demirgazyk Siriýada Yragyň strategiki barlaglar instituty üçin barlag geçirýär.

XS
SM
MD
LG