Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň täze mejlisinde aýal-gyzlar ruhanylardan köp


Eýranyň 10-njy parlament saýlawlarynyň birinji tapgyrynda parlamente saýlanan 14 zenan.
Eýranyň 10-njy parlament saýlawlarynyň birinji tapgyrynda parlamente saýlanan 14 zenan.

Bu ýagdaýa 1979-njy ýylda bolan Eýran yslam öwrülşiginden bäri deňi-taýy bolmadyk bir hadysa hökmünde baha berilýär.

Eýranda geçirilen mejlis saýlawlarynyň netijelerine görä, mejlisiň täze düzüminde zenan halk wekilleriniň sany ruhany wekilleriniň sanyndan agdyklyk eder.

Köpsanly taryhçylaryň pikiriçe, bu ýagdaý Eýranda soňky ýyllarda bolup geçýän jemgyýetçilik we syýasy üýtgeşiklikleriň alamatlaryndandyr.

Ikinji döwürden soň 290 agzaly mejlisde 17 zenan halk wekili bolar. Bu san mejlisdäki ruhany syýasatçylaryňkydan bir orun köpdür.

Ruhany halk wekilleriniň sany ýyl-ýyldan barha azalýar we ol häzir dini öwrülşikden soňky döwürdäki iň az derejä düşdi.

1979-njy ýylda dini döwlet öwrülişiginiň yzysüre saýlanan 1-nji mejlisde 164 ruhany halk wekili bar ekeni.

Eýranyň 10-njy parlament saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda parlamente saýlanan zenanlar.
Eýranyň 10-njy parlament saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda parlamente saýlanan zenanlar.

Şol sebäpden geçen döwürde ýurduň köpsanly görnükli syýasatçylary hem ruhanylaryň arasyndan sahna çykypdyr. Olardan birem hut häzirki prezident Hassan Rouhani. Ol 1980-nji we 2000-nji ýyllarda Eýranyň mejlisiniň agzasy bolupdy.

Ondan owalky iki prezident - aýatolla Akbar Haşemi Rafsanjani we Muhammet Hatami hem ruhanylar.

Ýöne soňky ýyllarda ruhany halk wekilleriniň sany barha azalýar.

Ikinji mejlisde olaryň sany 153 ekeni. Üçünji mejlisde 85, dördünji mejlisde 67 we bäşinji mejlisde hem diňe 52 sany ruhany halk wekili orun aldy.

Häzir öz möhletini tamamlap barýan köne mejlisdäki ruhanylaryň sany bolsa bary-ýogy 27 sany.

Täze mejlise saýlanan 16 ruhanydan 13 sanysy sowatlylyk hereketiniň tarapdarlary.

Saýlawda üstünlik gazanan 17 zenanyň hemmesi reformaçy bolsa-da, olaryň umumy sany täze mejlisiň diňe ýüzden 9 göterimine barabar.

Mundan owal zenanlaryň mejlisde eýelän iň ýokary derejesi ýüzden 14 göterim bolupdy.

Garşylyklaryň bileleşigi

Şenbe güni geçirilen saýlawyň ikinji tapgyrynda prezident Hassan Rouhanini goldaýan reformaçy we hoşniýetli syýasatçylaryň üstünlik gazanandygy habar berilýär.

Ýerli metbugatyň maglumatlaryna görä, özgerişlikçi halk wekilleri täze mejlisde reformaçy kanunlaryň kabul edilmegi üçin gerek bolan san köpçüligine eýe bolarlar.

Reformaçy syýasatçylar 2004-nji ýyldan bäri mejlisde köpçüligi eýeläp bilenokdylar.

Soňky saýlawlaryň netijelerine görä, täze mejlisde 133 sany reformaçy halk wekili orun alar. Bu gerek bolan köpçülik orundan 13 san az hem bolsa, umumy san taýdan konserwatorlara garalanda köpçülikdir. Täze mejlisiň 125 agzasy konserwatorlardyr.

Galan orunlara bolsa bitarap dalaşgärler eýe boldular. Olaryň, geljekde mejlisdäki güýçleriň arasynda çözgüt roluny oýnajakdygy öňe sürülýär.

Ondan başga-da konserwator halk wekilleriniň arasynda hem prezident Rouhaniniň tarapdarlary bar.

XS
SM
MD
LG