Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk premýer-ministri işden çekilýär


 Ahmet Dawutoglu
Ahmet Dawutoglu

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu, prezident Rejep Taýyp Erdoganyň häkimiýeti has-da berk eline almagyna ýol arçap, işden çekilýändigini yglan etdi.

Dawutoglunyň işden çekilmegi 22-nji maýa çenli, dolandyryjy Adalat we galkynyş partiýasy - AKP ony partiýa liderliginden aýyrmak üçin irki gurultaýyny geçirýänçä güýje girmez.

Erdogan hem AKP-nyň agzasy bolup durýar. Emma bu ikisiniň arasyna golaýda günorta-gündogar Türkiýedäki kürt jeňçileri meselesiniň çözgüdi üstünde oňuşmazlyk düşdi.

Dawutoglu günorta-gündogar Türkiýedäki kürtler bilen parahatçylyk prosesini dikeltmek mümkinçiligini syzdyrdy.

Emma Erdogan harby kampaniýa pikirinde durýar.

Türkiýäniň parlament komiteti geçen hepdäniň dowamynda AKP tarapyndan teklip edilen kanun taslamasyny tassyklady, bu kanun deputatlary sud jogapkärçiligine çekilmek hukugyndan aýrar.

Erdogan kürtlere tarapdar Halk demokratik partiýasyndan bolan deputatlary terrorizm aýyplamasynda jogapkärçilige çekmek meselesini öňe sürýär.

Şeýle-de Erdogan öz prezidentlik ygtyýarlyklaryny güýçlendirjek konstitusiýa üýtgetmeleriniň geçirilmegine basyş edýär.

XS
SM
MD
LG