Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti ýerleri hususylaşdyrmagy soňa goýdy


Gazaklar ýerleriň hususylaşdyrylmagyna garşy protest geçirýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:35 0:00

Gazaklar ýerleriň hususylaşdyrylmagyna garşy protest geçirýär

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew döwletiň eýeçiligindäki ekerançylyk ýerlerini hususylaşdyrmak baradaky jedelli plany yza süýşürdi. Plan bilen baglanyşykly ministrlikler bolsa iş başyndan çekilme we käýinçlere uçradylar.

Hökümet golaýda ýurduň ekerançylyk ýerleriniň diňe iki prosente golaýyny 1-nji iýulda auksiona goýjakdygyny aýdypdy. Ýöne gazak ýerleriniň korrumpirlenen elitanyň we çet ýurtlularyň eýeçiligine geçme mümkinçiligi ýurtda goh-galmagal döredeninden soň, Nazarbaýew yza tesip, bu meseläniň köpräk pikir alyşmagy talap edýändigini aýtdy.

"Men şu gün ýer eýeçiligi babatda ýer kanunyna düzediş girizmäge geljek ýyla çenli moratoriý yglan etmek kararyna geldim. Bize halkymyzyň halamaýan kanunlary gerek däl" diýip, Nazarbaýew Astanada Ministrler Kabinetiniň ýörite ýygnagynda aýtdy.

Hökümet komissiýasy

Gazak prezidenti plan 2017-nji ýylda ýerine ýetiriler diýip, çet ýurtlar baradaky ýer reformalary boýunça hökümet komissiýasynyň dörediljekdigini yglan etdi.

Nazarbaýew: "Biz ýer hususylaşdyrmak baradaky kanuny komissiýanyň işleri arkaly halkymyza düşündirmek üçin ähli zady etmeli" diýdi.

Gazak prezidenti özüniň bu kararyny 5-nji maýda halka bildirmezinden ozal, tutuş ýurtda iki hepdä golaý protestler geçdi. Protestlere gatnaşanlaryň aglabasy özleriniň bu plan ýurduň ekerançylyk ýerleriniň çet ýurtlularyň eýeçiligine geçmegine ýol açar diýip howatyr edýändiklerini aýtdy.

“Auksionlar aç-açan geçmez”

26-njy aprelde Nazarbaýew planyny gorap, çet ýurtlular ýerleri satyn alyp biler diýen myş-myşlary ýaýradan "prowokatorlary jezalandyrmagy" wada etdi. Hökümet çet ýurtlular ekerançylyk ýerlerini aňyrsy 25 ýyla çenli kärendesine alyp bilerler, ýöne olar ýere eýeçilik edip bilmez, planlaşdyrylan auksionlara hem olar gatnaşdyrylmaz diýip nygtady.

Demonstrantlar auksionlar aç-açan geçmez, ýerler ahyrynda daýhanlaryň däl-de, ýurduň elitasynyň eline geçer diýip alada edýändiklerini hem aýtdylar.

Nazarbaýew ýerleri hususylaşdyrmak planynyň soňa goýlandygyny bildirmezinden az salym öň, 30-njy martda auksion planyny yglan eden ykdysadyýet ministri Erbolat Dosaýew öz orunbasary bilen birlikde wezipeden çekildi.

Aýdylyşyna görä, oba hojalyk ministri Asylžan Mamytbekowa hem wezipesine laýyk däldigi üçin prezident tarapyndan käýinç berlipdir.

XS
SM
MD
LG