Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde hokkeý boýunça Dünýa çempionaty başlanýar


Orsýetiň hokkeý sportçylary

Orsýetiň hokkeý sportçylary

Hokkeý boýunça öňde barýan 16 ýurt 6-njy maýda Moskwada we Sankt Peterburgda başlanýan Dünýä Çempionatyna gatnaşýarlar.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew halkara sport çäresiniň Moskwadaky açylyş dabarasyna gatnaşar.

Şeýle-de dabara prezidentiň geňeşçisi Igor Lewitin, sport ministri Witaly Mutko, Moskwanyň häkimi Sergei Sobýanin we Hokkeý boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Rene Fasel gatnaşarlar.

Bäsleşýän ýurtlar iki topara bölüner.

Moskwada bäsleşýän A toparyna Orsýetiň, Şwesiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň, Şweýsariýanyň, Latwianyň, Norwegiýanyň, Daniýanyň we Gazagystanyň komandalary gatnaşarlar.

Sankt Peterburgda B toparynyň oýunlary geçiriler. Bu topar Kanadany, Finlýandiýany, ABŞ-ny, Slowakiýany, Belarusy, Fransiýany, Germaniýany we Wengriýany öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG