Sepleriň elýeterliligi

'Ekstremist' makalany çap eden orsýetli sud edilýär


"Radikalnaýa politika" neşriniň öňki redaktory Boris Stomahin, sud diňlenişiginde, 22-nji aprel, 2014.

"Radikalnaýa politika" neşriniň öňki redaktory Boris Stomahin, sud diňlenişiginde, 22-nji aprel, 2014.

Orsýetiň Twer şäheriniň sudy sosial mediada Krym barada maglumat paýlaşan raýaty iki ýyllyk we üç aýlyk türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud 5-nji maýda geçiren diňlenişiginde inžener Andreý Bubeýewiň publisist Boris Stomahiniň makalasyny çap edendigini aýdyp, bu makalanyň öň “Orsýetiň territorial bütewüligine howp salýan” hem “ekstremist” diýlip yglan edilendigini belledi.

Makalada Ukrainanyň Gara deňizdäki Krym regionynyň Orsýet tarapyndan bikanun alnandygy aýdylýar we onuň Ukraina gaýdyp berilmegi talap edilýär.

2015-nji ýylyň aprel aýynda Moskwanyň sudy Stomahini terrorçylygy we ekstremizmi wagyz etmekde aýyplap ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Stomahin özüne ýöňkelýän günäniň syýasy matlaplydygyny aýtdy.

Orsýetiň Çuwaşiýa regionynyň derňewçileri 62 ýaşly Nikolaý Ýegorowy Stomahiniň makalasyny çap etmek arkaly milli duşmançylygy tutaşdyrmakda aýypladylar.

Ýegorow aýyplamalary ret edýär we suda garaşýar.

XS
SM
MD
LG