Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: 'Al-Kaýda'-'Talyban' gatnaşygy artýar


NATO-nyň metbugat wekili Çarlz Kleweland
NATO-nyň metbugat wekili Çarlz Kleweland

“Al-Kaýda” Owganystanda “Talyban” bilen has ýakyn işleşýär we söweşiji toparyň hökümet güýçlerine garşy söweşlerini ýaýbaňlandyryp biler, diýip NATO-nyň metbugat wekili 5-nji maýda aýtdy.

“Olaryň özleri Owganystanyň hökümetine hakyky uly howp döredip bilerler, diýip pikir etmeýäris” diýip general Çarlz Kleweland aýtdy we “Al-Kaýdanyň “Talyban” bilen has köp işleşip başlandygy üçin olaryň “Talybany” güýçlendirip biljekdigini pikir edýäris”, diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýaňy-ýakynda “Al-Kaýdanyň” ýolbaşçysy Ayman al-Zawahiri “Talybanyň” täze lideri molla Ahtar Mansoora goldaw bildirdi.

“Şondan bäri iki toparyň arasynda has köp aragatnaşyk görýäris”, diýip Kleweland aýtdy. NATO-nyň metbugat wekili “Al-Kaýdanyň” Owganystandaky agzalarynyň sanynyň 100 we 300 aralygynda diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Kleweland “Talybanyň” şu ýyl esasy girdeji çeşmesi bolan göknar haslynyň bolçulygyndan hem güýçlenjekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG