Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Goranmak, aňtaw ministrleri çalyşýar


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani
Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani Kabulda bolan heläkçilikli partlamalaryň yzýany ýurduň goranmak we aňtaw ministrlerini çalyşdy.

Prezidentiň edarasynyň metbugat-wekili Zafar Haşeminiň 5-nji maýda Twitterde çap eden maglumatyna görä, Ghani goranmak ministri wezipesiniň ýerine ýetirijisi Masoom Stanikzai Milli howpsuzlyk müdirliginiň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetiriji we Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary edip belledi.

Maglumata görä, Goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji edilip general Abdullah Habibi hödürlenipdir.

Ýolbaşçylaryň wezipelere geçmegi üçin parlamentiň tassyklamagy zerur.
Parlament Stanikzaiň goranmak ministri wezipesine bellenmegini geçen ýylda ret edipdi, emma Ghani ony ýerine ýetiriji derejesinde wezipede saklapdy.

Ghani apreliň aýagynda Kabulda 64 adamyň ölümine sebäp bolan partlamalaryň yzýany iki ministrligiň ýolbaşçylaryny gyssagly çalyşmagy wada beripdi.

XS
SM
MD
LG