Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Hytaýyň Ksinjiang regiony bilen ylalaşyk baglaşdy


Hytaýyň Ksinjiang Uýgur awtonom regionynyň resmi topary Gazagystana eden saparynda, Astana, 3-nji maý, 2016.
Hytaýyň Ksinjiang Uýgur awtonom regionynyň resmi topary Gazagystana eden saparynda, Astana, 3-nji maý, 2016.

Hytaýyň uzak günbatar Ksinjiang Uýgur awtonom regionynyň kommunistik partiýasynyň ýolbaşçysynyň saparynyň dowamynda Hytaýyň we Gazagystanyň arasynda iki million dollarlyk ylalaşyga gol çekilendigini hytaý mediasy habar berdi.

Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň we Täjigistanyň arasynda ýerleşýän durnuksyz Ksinjiang regiony Pekiniň Aziýa bilen söwda we transport gatnaşygyny ösdürmek boýunça resmi strategiýasynyň esasy bölegi bolup durýar.

Ksinjiangyň kommunistik partiýasynyň ýolbaşçysy we baş resmisi Žang Çunksian Ksinjiang we Gazagystan täze Ýüpek Ýolunyň döredilmeginden bähbit tapyp bilerler diýdi.

Iki million dollarlyk proýektiň energiýa, oba hojalyk, senagat pudaklaryna degişlidigini hytaý mediasy habar berdi.

Ksinjiangyň düzümine kazaklaryň üç sany awtonom birligi girýär, regionda 1.5 million etnik gazak, 250 müň gyrgyz we 200 müň çemesi täjik ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG